Älem içre sarpalanýan bedewler

14 Dekabr 2023
865

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Halkara Bitaraplyk gününiň şanly 28 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda, ýagny şu ýylyň 8-nji dekabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Botswana Respublikasynyň Kasane  şäherinde geçirilen 18-nji mejlisinde ahalteke atçylyk sungatyny we atlary bezemek däplerini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüdiniň biragyzdan kabul edilendigi hakyndaky hoş habary halkymyzyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Bu çözgüt umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen halkynyň milli medeniýetiniň ägirt uly ähmiýetiniň ykrarnamasydyr.

 Hawa, halkymyz ynsan bilen bagry badaşan bedewlerimizi söýgüläp, apalap gelipdirler. «Bedewe bezeg ýaraşar» diýlişi ýaly, atlary ýörite seýisläp, haly önümleri we kümüşden ýasalan dürli şaý-sepler bilen bezäpdirler. Ata dakylýan boýunlyk, gözlük, göwüsbent diňe bir bezeg bolman, eýsem, gorag üçin niýetlenendir. Gözlük diýlip atlandyrylýan kümüş şaý-sep atyň kellesine geýdirilipdir. Ol kümüşden ýasalyp, ýüzüne gyzyl çaýylypdyr. Onuň merkezinde bolsa ullakan hakyk gaşy oturdylypdyr.

Aýgözel NURLYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar