Türkmeniň tebigat pelsepesi

14 Dekabr 2023
1034

Tebigat! Ýer ýüzündäki ähli ýaşaýşyň gözbaşy şu sözde jemlenýär. Tebigatyň gözelligi, berekedi bolsa ene ýerden — toprakdan başlanýar. Gadymy çeşmelerde adamzadyň ýaşaýşynyň gözbaşynda iki enäniň — ene topragyň we How Enäniň durandygy nygtalýar. Toprak Gün şöhlesiniň ýere düşmek aýratynlygy we suwuň, ygalyň täsiri bilen geografik taýdan özboluşly tebigata eýe bolýar.

Türkmen tebigaty ýerden önýän önümlerimiz bilen bir hatarda, şirin dilimiziň we onuň labzynyň, däp-dessurlarymyzyň, adatlarymyzyň, aýdym-sazymyzyň, halyçylyk, atçylyk sungatynyň, maldarçylygyň ähli görnüşiniň kemala gelmegine binýat bolup, durmuşymyza siňdi. Türkmen tebigatynyň dört pasly ýerbe-ýer bolup, ol halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyna aýratynlyk berýär. Halkymyzyň tebigat we pasyllar baradaky garaýşyna ser salsak, ata-babalarymyz pasyllaryň häsiýetine görä, olary birnäçe möwsümlere bölüpdirler. Mysal üçin, halk senenamasynda gyşyň garagyş, uly çille, kiçi çille diýen ýaly möwsümlere bölünişi ýaly, bahar aýy hem bölünýär: alabahar, bahar, ýaz. Alabahar, il arasynda aýdylyşy ýaly, «togsan dolup, ýere ýyly gidende» başlanýar. Ol nowruza çenli dowam edip, nowruzdan soň bahar möwsümi başlanypdyr. Mysal hökmünde aýtsak, «Saýatly-Hemra» dessanynda Hemra daşyň üstünde saýrap oturan üç sany käkiligi görüp, Selbinýazy ýatlap:

Oguljemal ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.
Beýleki habarlar