Milli mirasyň ýalkymy

13 Dekabr 2023
816

Ýakynda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy bilen teklip edilen bu çözgüt 5-nji dekabrda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde geçirilen 18-nji mejlisinde kabul edildi. Hoşallyk maslahatyna Halkara ahalteke atçylyk we türkmen alabaý itleri assosiasiýalarynyň, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň jogapkär işgärleri, ýurdumyzyň halypa seýisleri, çapyksuwarlary, atşynaslary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr professor-mugallymlary, döredijilik işgärleridir köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz halkymyzyň genji-hazynasydyr we milli mirasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkara derejesine çykarylan şol milli gymmatlygymyz dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanma eýe boldy. ÝUNESKO tarapyndan kabul edilen nobatdaky çözgüt hem halkymyzyň baý milli mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan dünýä meşhur ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrdy. Maslahatda çykyş edenler bular dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler hem-de şeýle beýik işleri yzygiderli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar