Gezsem, dünýäni görsem

13 Dekabr 2023
1193

Şweýsariýa — Sýurih

Häzirki wagtda dünýäniň iň baý döwletleriniň biri hasaplanýan Şweýsariýanyň Sýurih şäheri 2023-nji ýylyň iň gowy akylly şäheri hökmünde saýlandy. Bu şäheriň üstünligini, esasanam, kämil hyzmat ediş düzümleri, binalarynyň berkligi, transport ulgamy bilen baglanyşdyrýarlar. Sýurih akylly ýol hereketini dolandyrmak, energiýa tygşytlaýan ulgamlar ýaly birnäçe innowasion çözgütleri durmuşa geçirdi. IBM «Akylly şäher indeksi» Sýurih şäheriniň meşhurlygyny has-da artdyrdy.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Ogulsona KULYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar