Asyrlardan aşan tagam

13 Dekabr 2023
780

Merdana halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen baý milli mirasy keremli topragymyzda medeniýetiň gadymy ojaklarynyň gülläp ösendigini görkezýär. Köpöwüşginli maddy we ruhy medeni mirasymyzda milli tagamlarymyzyň hem möhüm orny bar. Milli tagamlarymyzy müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle, asyrdan-asyra geçirmegiň hötdesinden gelen ene-mamalarymyzyň döredijilik ukyp-başarnygy biziň her birimiz üçin nusga alarlyk görelde mekdebidir.

Golaýda jemi jemlenilen «Asyrlara ýörelge — nesillere görelde» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynda talhan süýjüligini taýýarlamak boýunça ýeňiji bolan Güljemal Jumaýewanyň hem ene-mamalarymyzdan miras galan milli ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy dowam etdirmekde we olary ýaşlaryň arasynda wagyz etmekde aýratyn goşandy bar. Saýat etrabynyň Ärsarybaba geňeşliginiň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň etrap bölüminiň işjeň agzasy Güljemal gelneje — gadymy milli tagamymyz bolan talhan süýjüligini taýýarlamagyň ussady. Biz hem ondan bu tagamyň taýýarlanyş usuly barada giňişleýin gürrüň bermegini haýyş etdik.

Maral AGAMYRADOWA.
Beýleki habarlar