«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Bangkok ugry boýunça howa gatnawlaryny amala aşyrar

11 Dekabr 2023
1131

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 22-nji dekabrdan Aşgabatdan Bangkoga yzygiderli ýolagçy gatnawlarynyň ýola goýulýandygyny habar berdi. Uçuşlar her anna we şenbe günlerinde amala aşyrylar.

Häzirki wagtda Russiýadaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň baş agentligi Kazan — Aşgabat — Bangkok ugurlarynda uçuşlary birikdirmek üçin howa petekleri satyp başlady. Bir taraplaýyn uçuşyň bahasy 32,318 rus rublundan başlaýar.

Beýleki habarlar