Magtymgulynyň ýubileýi

7 Dekabr 2023
777

ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň hatarynda

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň teklip etmeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş maslahatynyň 42-nji mejlisinde kabul edilen degişli Kararnama laýyklykda, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Bu şatlykly waka mynasybetli Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.

Beýleki habarlar