Soky we sokudaş

6 Dekabr 2023
806

Irki döwürlerde bugdaýy degirmende üwäpdirler. Üwemäge başlamazdan ozal, ony arassalapdyrlar. Bugdaýy arassalamak üçin sokudan we sokudaşdan peýdalanypdyrlar. Soky igde, tut, jigirdek ýaly berk agaçlardan ýasalypdyr. Sokudaş ýaly gaty hem owranmaýan guraly ýasamak üçin uly howuzlaryň aşagyna tut agaçlaryny gömüp, 10 — 15 ýyl howzuň aşagynda saklapdyrlar. Ondan soky üçin daş ýasapdyrlar. Sokynyň daşyna sokudaş diýilmeginiň sebäbi hem howzuň aşagyna gömlüp goýlan tut agajynyň berkleşip, daşdan-da gaty görnüşe geçmegi, ýagny ýalpyldawuk gaty jisime öwrülmegi bilen baglanyşykly gelip çykypdyr.

Şalynyň gabygyny arassalamak üçin ulanylýan sokynyň «dikdurma soky», «el soky», «depme soky» ýaly görnüşleri bardyr.

Beýleki habarlar