Azyk önümçiliginiň döwrebap gazananlary we geljekki mümkinçilikleri

30 Noýabr 2023
555

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda dowam edýän «Agro-Pak Türkmenistan — 2023» atly halkara sergi Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, hususy telekeçileriniň 90-a golaýyny bir meýdançada jemlemek bilen, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda gazanan üstünliklerini, şeýle-de işewür düzümleriň ägirt uly mümkinçiliklerini giňden açyp görkezýär. Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň bu iri gözden geçirilişi gyzyklanma bildirýän taraplaryň özara bähbitli gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda möhüm ähmiýete eýedir.

Biz hem sergä gatnaşýan wekilleriň birnäçesi bilen söhbetdeş bolup, olaryň wekilçilik edýän düzümleriniň alyp barýan işleridir hödürleýän hyzmatlary barada gyzyklandyk.

Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar