Kuraş — 2023: Dünýä dolan dabara

30 Noýabr 2023
577

Dinara ROZYKULOWA,
kuraş boýunça dünýä çempiony:

— Ýurdumyzda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji güni durmuşymda ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlady. Ata Watanymyzda geçirilen halkara sport ýaryşynda zenanlaryň arasynda 63 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, dünýä çempiony bolmak miýesser etdi. Munuň özi her bir türgeniň iň arzyly arzuwy. Çempionatda üstünlikli çykyş etmek üçin milli ýygyndymyz bolup çeken ýadawsyz zähmetimiziň ýerine düşendigine çäksiz buýsanýaryn. Baş tälimçimiziň ýolbaşçylygynda yzygiderli türgenleşdik, görkezijilerimizi gün-günden gowulandyrdyk. Men çärýek finalda hindistanly Snehal Rameş Kawareden, ýarym finalda eýranly Tahera Azarpeýwanddan, finalda bolsa Hytaý Taýpeýinden gelen Wan Tin Liden üstün çykyp, ýeňiş gazanmagy başardym. Ýurdumyzda şeýle iri ýaryşlaryň geçirilmegi, onda türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyş etmegi biziň sport üstünligimizdir. Gahryman Arkadagymyz, peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz tarapyndan iri sport ýaryşlaryna ýokary derejede taýýarlanmak üçin aňrybaş şertlerdir mümkinçilikleriň döredilmegi ýeňişli menzillere bolan ynamymyzy has-da artdyrdy.

Beýleki habarlar