Media münberinde

30 Noýabr 2023
519

Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde paýtagtymyzda dürli maslahatlar we çäreler geçirildi. Şolaryň biri hem «Kuraş boýunça dünýä çempionaty dünýä metbugatynda» ady bilen paýtagtymyzdaky «Sport» myhmanhanasynda geçirilen halkara mediaforumdyr.

ediaforumyň işine Halkara kuraş assosiasiýasynyň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň we dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Onuň dowamynda dünýä birinjiligini geçirmäge degişli düzümleriň taýýarlygy, şeýle hem şu ýylyň möhüm ýaryşyna Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň taýýarlyk derejesi barada žurnalistlere maglumatlar berildi.

Maksat GURBANGELDIÝEW.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi.
Beýleki habarlar