Kuraş — 2023: Dünýä dolan dabara

30 Noýabr 2023
499

Sabina KADYROWA,
kuraş boýunça dünýä çempiony:

— Maňa paýtagtymyzda geçen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda zenanlaryň arasynda 78 kilograma çenli agram derejesinde dünýä çempiony bolmak başartdy. Häzirki wagtda men Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 29-njy orta mekdebiň 11-nji synpynda okaýaryn. Çempionata tomaşa etmek üçin deň-duşlarym, hossarlarym geldiler. Olaryň we köp sanly tomaşaçylaryň ynam-goldawy güýç-kuwwat çeşmesi bolup, ýeňşe bolan ynamymy artdyrdy. Ilkinji gezek gatnaşýan dünýä çempionatymda çärýek finalda men Şital Şitaldan (Hindistan), ýarym finalda we finalda çekeleşikli duşuşyklarda, degişlilikde, bürünç medalyň eýesi Saba Karamaliden (Eýran) we dünýäniň wise-çempiony Filura Ergaşowadan (Özbegistan) üstün çykmagy başardym. Soňky ýyllarda türkmen türgenleri kuraş boýunça uly üstünlikleri gazandylar. Nobatdaky dünýä çempionatynda hem milli türgenlerimiziň gazanan netijeleri örän buýsandyryjydyr. Ýaryşlaryň dowamynda dünýäniň dürli künjeklerinden gelen türgenler, tälimçiler bilen tanyşdyk, olar bilen gürrüňdeş bolduk. Munuň özi biz üçin uly tejribe boldy.

Beýleki habarlar