Janköýerleriň şöhratly «Arkadagy»

30 Noýabr 2023
588

Sport barada gürrüň gidende, her ýurduň özüniň aýratyn üns berýän sport görnüşi bolýar. Göreş boýunça biziň pälwanlarymyz birwagtlardan bäri ykrar edilendir. Munuň şeýledigini ýakynda Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda türgenlerimiziň gazanan medallary hem tassyklaýar.

Şeýle-de bolsa sportuň beýleki görnüşleri hem birjik-de ünsden düşürilmän, yzygiderli ösdürilýär. Muňa mysal: «Arkadag» futbol topary. Toparyň nyşanynda türkmeniň ajaýyp bedewi çarpaýa galyp dur. Haýsy ugurda hem bolsa, millilik diýlen zat saklansa gowy. Futbolda-da şeýle. Millilik bilen futbolyň näme baglanyşygy bar diýilmegi mümkin. Düşündirmesi ýönekeý. Aýdaly, göçgün janköýerlerden «hyň berýän» stadionlary göz öňüne getiriň! Elden giderilen amatly pursat üçin ah çekýän ýa-da janköýerlik edýän toparynyň geçiren golundan soň «serden geçýän» mähelläni stadionlara idekleýän güýç milliligine-milletine buýsanç duýgusydyr. Öz ýurdumyzyň toparlary-ha däl, eýsem, daşary ýurt futbolynda çykyş edýän bir oýunçymyzyň topary üçin hem özümizden bidin telewizoryň öňüne omzabermedigimiz hem az-azdyr.

Nowruz ÝEGENMYRADOW.
«Arkadag».
Beýleki habarlar