19 oýunda 19 ýeňiş

30 Noýabr 2023
577

Futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň 22-nji tapgyrynyň oýnuny geçirmek üçin Mary şäherine baran «Arkadag» topary üç utuk bilen dolandy. «Energetikden» 2-0 hasabynda üstün çykan «Arkadag» toparynyň gollarynyň ikisi hem birinji ýarymda hasaba alyndy. Hasaby duşuşygyň 16-njy minutynda Didar Durdyýew açdy. Onuň birinji ýarymyň esasy wagtyna goşulan goşmaça wagtyň üçünji minutyndaky urgusyna-da çäre tapylmady. Ýaşyl meýdançadaky göreşiň ikinji ýarymynda futbolçylar hernäçe jan etseler-de, «gol» sesi ýaňlanmady. Didaryň tora salan iki goly bilen hem oýun tamamlandy. Ýatlatsak, 19-njy oýnunda 57 utuk toplan «akylly» şäheriň adybir topary «Arkadag» toparlaryň sanawyna ynamly öňbaşçylyk edýär.

Beýleki habarlar