Sport älemindäki şanly waka

29 Noýabr 2023
395

Berkarar Diýarymyzda geçen sanlyja ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasynyň netijesinde olimpiýa hereketini ösdürmek üçin ägirt uly işler üstünlikli amala aşyryldy. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda zerur enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman sport-sagaldyş toplumlary, köpugurly stadionlar, beýleki degişli desgalar gurlup ulanmaga berildi. Aşgabatda sportuň Olimpiýa görnüşleri boýunça döwrebap toplumlary özünde jemleýän, Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy türkmen sportuny täze derejelere çykardy. Özüniň gujur-gaýraty, aýratyn ýiti zehini we döredijilikli gözlegleri bilen dünýäniň sport jemgyýetçiliginde uly abraýa eýe bolan Gahryman Arkadagymyzyň türkmen sporty, sporty söýüjiler, türgenler üçin döreden köpugurly şertleri milli sportuň ykbalyny düýpli özgertdi, dünýä derejesindäki şöhratly ýeňişlere besledi.

Hut şu köpugurly şertleriň esasynda türkmen türgenleri ençeme halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, ýaşyl baýdagymyzy belentde parlatdylar. 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem türgenlerimiziň üstünlikli çykyş edendiklerini ýatlamak has-da ýakymly. 2018-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty hem halkara jemgyýetçiliginde uly seslenme döredipdi. Şu ýylyň iýun aýynda paýtagtymyz 12 ýaşly we şondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň ikinji gezek geçirilen ýeri boldy.

Guwanç ÇARYÝAROW,
«Aşgabat» teleýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy.
Beýleki habarlar