Ýeňişlerden zyýada ýeňişler bilen

29 Noýabr 2023
526

23 — 28-nji noýabr aralygynda merjen paýtagtymyzda geçirilen kuraş boýunça dünýä çempionaty adaty çempionat bolmagyň çygryndan bireýýäm geçdi. Iň köp gatnaşyjysy bilen (53 döwletden 500-e golaý wekil) heniz başlanmanka ozalky çempionatlaryň 13-siniň hem rekordyny täzelän ýaryş türkmen myhmansöýerligi, ady Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna telim ýola giren merjen şäheriň gözelligi, guramaçylygyň ýokary derejesi we ýene-de birnäçe aýratynlyklar bilen bezeldi. Iň esasy aýratynlyk bolsa, ýurdumyzda geçirilen halkara sport ýaryşlarynyň taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň agzalarynyň ählisiniň medal gazanmagy boldy. Türgenlerimiziň 15-siniň-de döşüne 15 medal dakan çempionat kalplara güýz bilen gyşyň sepgidine bahar ýakymyny bagyşlan ajaýyplyga öwrüldi.

Gündogarly sport žurnalisti hökmünde kalbyma dolan iň eziz ýakym näme, bilýäňizmi? Çempionat başlanyndan tä tamamlanýança, bir görseň türkmenabatly, bir görseň köýtendagly, bir görseň kerkili, bir görseň dänewli, ýene bir görseňem hojambazly ildeşlerimiz bilen häli-şindi duşuşyp durmak boldy. Olaryň ählisi çempionata gatnaşýan ogullaryny, gyzlaryny, doganlaryny, dostlaryny goldamak üçin paýtagta baran welaýatdaşlarymyz. Çünki kuraş boýunça dünýä çempionatynda milli ýygyndymyza wekilçilik eden 15 türgenimiziň birinden galany sportuň şu görnüşiniň Lebap mekdebiniň wekilleri we uçurymlary. Olaryň bäşisi Türkmenabat şäheriniň, ikisi Çärjew, ýene ikisi Saýat, galanlary bolsa Kerki, Köýtendag, Hojambaz we Dänew etraplarynyň ýaşaýjylary. Şu ýyl Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby bolan Döwlet Hemrakulyýew bilen Gülşat Annaýewa hem kuraşyň gündogar mekdebiniň uçurymlary.

Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar