Alaja hakynda tymsallar

25 Noýabr 2023
1176

Ozalbaşda perzent ruhy ene göwresine düşende, özüne emir edenlere yüzlenip: «Men bu jenneti owazlary, jennet howalary goýup, ol ýerde nädip ýaşaýyn» diýipdir. Oňa: «Biz saňa jennetiň howasyny howalandyrjak sallançak diýip bir zat ibereris. Ol üwrelende, badyna howada jennetiň howasy howalanar. Ony üwremek üçin ak bilen gara reňk garylyp işilen sallançak bagy bolar.

Ene her gezek seni sallançakda ýatyranda, onuň bir ujy elinde bolsa-da, beýleki ujy ýürek bagyna baglanandyr. Enäniň hüwdüsi jennetiň howasydyr. Ol owaz saz bolup, Adam atanyň süňňüne jan bolup bile girendir.

Oguljemal ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.
Beýleki habarlar