Köpugurly gatnaşyklaryň täze gözýetimleri

20 Noýabr 2023
601

Düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda üç günläp dowam eden Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisiniň ýapylyş dabarasy boldy. Giň gerimli forum birnäçe möhüm çäreleri öz içine alyp, onuň çäginde Türkmen-eýran işewürlik maslahaty, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisi geçirildi. Goňşy ýurduň kompaniýalarynyň 100-e golaýynyň ýeten sepgitlerini açyp görkezen gözden geçiriliş netijeliligi bilen tapawutlandy.

Pars aýlagy we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna çykmakda ýurdumyz üçin «altyn derweze» bolup hyzmat edýän Eýran Yslam Respublikasy ulag-logistika pudagynda möhüm hyzmatdaş hökmünde tanalýar. Bu ugurda Türkmenistan sebitiň beýleki ýurtlary üçin-de üstaşyr geçirýän tarap bolup hyzmat etmegiň uly artykmaçlyklaryna eýe. Bu Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň «altyn halkasy» hökmünde Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda ykdysady taýdan has amatly Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň doly güýjünde işledilmegi bilen hem berk baglanyşyklydyr. Taslamanyň işjeň ulanylmagy, oňa ugurdaş ýollaryň döredilmegi Türkmenistanyň ulaglaryň ähli görnüşini bir ulgam arkaly birleşdirmek ukybyna eýe bolan ýurt hökmünde ähmiýetini artdyrýar. Şonuň üçin-de, pudagyň inženerçilik-tehniki taslamalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek forumda aýratyn üns berlen ugurlaryň hatarynda boldy. Şunda «Tunnel Sadd Ariana» kompaniýasynyň ýurdumyzda meýilleşdirilýän inženerçilik taslamalaryna, hususan-da, ýol gurluşygy ulgamyna bildirýän gyzyklanmasynyň has uludygy aýdyň ýüze çykdy. Bu barada hususy düzümiň esaslandyryjy we baş direktory Ali Mosusawi Rahimi şeýle diýýär:

Toýly MUHAMMETDURDYÝEW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.
Beýleki habarlar