Sözle, sözüň şirin bolsun!

17 Noýabr 2023
1166

Geplemek, gepleşmek, sözlerden sözlem düzmek ynsana berlen, ýerini çalşyp bolmaýan ukypdyr. Ol ukyby çagalarda körpeliginden ösdürmek we kämilleşdirmek biz ― ulularyň möhüm borjudyr. Hut şu ukybyň üsti bilen çagalaryň gözýetimi giňelýär, dünýä akyl ýetirýär, jemgyýetde özüniň mynasyp ornuny tapýar. Bu meselede ene-atalaryň, şonuň ýaly-da körpeleriň edep-terbiýesi bilen meşgullanýan bilim işgärleriniň üstüne uly jogapkärçilik düşýär.

Çaga ýaşlygynda eşidenlerini berk ýadynda saklaýar. Şonda ulularyň aýdanlary edil daşa ýazylan ýaly bolýar. Mysal üçin, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň atasy Döwletmämmet Azady onuň ilkinji halypasy bolupdyr. Görnükli türkmen ýazyjysy Ata Gowşudow bolsa çagalygynda ertekiçi enesinden örän köp zatlary öwrenipdir. Bu mysallara ýüzlenmek bilen, ulularyň öz çagalarynyň sözleýişlerini ösdürmekde halk döredijilik eserlerinden peýdalanmaklarynyň has oňat netije berýändigini nygtamakçy bolýarys.

Leýli ZAKIRJANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mekdebe çenli bilim we terbiýe hünäriniň III ýyl talyby.
Beýleki habarlar