Üstaşyr geçelgelere eýe bolan ýurtlaryň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylary Aşgabada gelerler

15 Noýabr 2023
544

Türkmenistan halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde şu aýda ilkinji gezek Bütindünýä durnukly ulag gününi bellär. BMG-niň Baş Assambleýasy 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Durnukly ulag boýunça ilkinji ählumumy maslahatyň geçirilen gününi bu halkara günüň bellenýän senesi hökmünde yglan etdi. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça bu güni döretmek hakyndaky Karar 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň 70-nji umumy mejlisinde kabul edildi.

Dünýä senenamasynda täze halkara senäniň döredilmeginde başlangyçly orny eýelän ýurt hökmünde Türkmenistan bu güne bagyşlanan uly we möhüm çäreleri geçirmegi meýilleşdirýär. 15-17-nji noýabrda Aşgabatda "CASCA +" multimodal ulag geçelegesine gatnaşýan ýurtlaryň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçiriler.

Beýleki habarlar