Millilik ýörelgesi

14 Noýabr 2023
1020

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde, halkymyzyň şöhratly taryhy giňden öwrenilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary we onuň dowam eden günlerinde bolup geçen çuň mazmunly, türkmen halkynyň taryhyna, şu gününe dahylly wakalar hem bu hakykaty aýan etdi. Şol taryhy günlerde bolup geçen wakalar barada halkymyzyň, hususan-da, dürli ýaşdaky, dürli kärdäki zenanlaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Ahal welaýat bölümi bilen «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasy bilelikde «Milliligi galkyndyryp göwünde, türkmen älem içre galýar belende» diýen at bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdi. Änew şäherindäki «Bagt ýyldyzy» toý mekanynda guralan bu söhbetdeşlige Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy Nurjahan Hojaýewa, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary Aýsoltan Derýaýewa, «Zenan kalby» žurnalynyň öz habarçysy Keýik Umarowa, Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň ýaşaýjysy Ogulnäzik Aşyrowa, Kaka etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy Läle Aýdogdyýewa gatnaşdylar. Olaryň ýürek buýsanjyny, millilige we milli edep-terbiýä bolan garaýyşlary dogrusyndaky sözlerini gazetimiziň şu sanynda okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Nurjahan Hojaýewa: — Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň çakylygy boýunça «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyzyň bu iş saparynyň örän netijeli jemlenendigi hem-de onuň köp asyrlyk taryhy döwürden bäri dowam edýän türkmen-hytaý dost-doganlyk hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine täzeçe itergi berendigi barada teleradio ýaýlymlary we metbugat habarlary arkaly tanyşdyk. Her çykyşynda halkyň dürli ugurly ylmy, taryhy we milli-medeni maglumatlara bolan teşneligini gandyrýan Milli Liderimiz nobatdaky saparyndaky çykyşlarynda hem türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň şöhratly taryha daýanýandygyny we Beýik Ýüpek ýolunyň bu gatnaşyklary ysnyşykly ösdürip, pugtalandyrandygyny belläp geçdi. Gahryman Arkadagymyz bu iş saparyny amala aşyranda ýanynda maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň bolmagy we bu ýerde guralan medeni çäreleriň çäklerinde bolup geçen ajaýyp wakalara gatnaşmagy türkmen zenanlary bolan bize aýratyn täsirli duýgulary bagyşlady.

Ýazga geçiren Gülsere JUMAÝEWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar