Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy Sammitiniň çäklerinde oňa agza ýurtlaryň 5-nji işewürlik maslahaty geçirildi

12 Noýabr 2023
607

8-nji noýabrda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy Sammitiniň çäklerinde oňa agza ýurtlaryň 5-nji işewürlik maslahatyna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyndan wekiller, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.

Daşkent şäherindäki «Intercontinental» myhmanhanasynda guralan işewürlik maslahatyna Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň başlygynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň welaýatlarynyň we birnäçe assosiasiýalarynyň wekilleri, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň başlyklary we orunbasarlary öz ýurtlarynyň mümkinçilikleri, hyzmatdaşlygyň geljegi, söwda we maýa goýumlar barada çykyş etdiler.

Beýleki habarlar