Ak keçe ak arzuwa atarýar

8 Noýabr 2023
1115

Keçäniň dürli maksatlar üçin ulanylmagy bu senediň barha kämilleşip, sungat derejesine ýetirilmegine getiripdir. Keçeden ak öýleriň düşegi, serpigi, atlar üçin ýapynja, düýeler üçin halyk, sandyklara örtgi, sallançak üçin düşek, namazlyk, dolak, jorap, ädik taýýarlanypdyr. Keçe önümlerinden ýaş çagalara niýetlenip taýýarlanýan eşikler çaga döwründen başlap, ynsan saglygy üçin aýratyn ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar. Arassa ýüňden basylyp taýýarlanan ak keçeden çaga üçin ýorganjyk, elde sünnälenip tikilen daşky eşikler, joraplar, ädikler, ädige çalymdaş şüwmenler taýýarlanypdyr. Milli nagyşlar bilen oglan ýa-da gyz bäbejikler üçin tapawutlandyrylyp bezelen ak keçe ädigi (şüwmen) göreniňde başarjaň we dörediji türkmen zenanlarynyň el işlerine buýsanjyň artýar. Ak keçeden taýýarlanan önümler «jüýje», «it dişi», «gülýaýdy», «ak tüýnük», «alaja», «pytga», «zynjyr», «daragt», «käbe ýoly» ýaly nagyşlar bilen bezelipdir.

Diş toýunda ak keçede çagany oturdyp, üstünden ak patrak seçilmegi, saç toýunda bolsa ak keçäniň üstünde oturdyp, daýysyna saçynyň aldyrylmagy, ýaşulularyň pygamber ýaş toýunda sowgatlyk berilmegi gadymy milli gymmatlyklarymyzyň arasynda bu senede uly ornuň degişlidigini aňladýar. Ak keçe bilen bagly ýörgünli «han götermek» dessury ruhy dünýämizde örän arzyly hasaplanypdyr. Bu barada Milli Liderimiz şeýle ýazýar: «Oguz dessuryna görä, hökümdarlara ak keçäniň üstünde häkimlik täjini geýdiripdirler. Onuň oturjak tyllaýy şuglaly tagtynyň astynda ak keçe düşäpdirler. Şa bedewine ak keçeden köýnekçe tikip geýdiripdirler». Ak keçe bilen bagly täsin yrym-ynançlar, dessurlar, ak arzuwlar, ajaýyp ýörelgeler biziň günlerimize çenli hem gelip ýetipdir.

Şeker ARAZBERDIÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar