Türkmen-türk gatnaşyklary

31 Oktýabr 2023
391

Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm bölegine öwrülen dünýä giňişliginde we sebitde dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, özara peýdaly hyzmatdaşlygy üpjün etmek halkymyzyň milli ýörelgelerinden gözbaş alýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi sapary, bu saparyň çäklerinde syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň täze belentliklerine badalga berilmegi şol döwletli ýörelgeleriň dowamat tapýandygyny alamatlandyrýar. Saparyň barşynda döwletara hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň toparynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy, uzakmöhletleýin geljegi nazarlaýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryna degişli möhüm ylalaşyklaryň gazanylmagy bilen, iki doganlyk ýurduň taryhynda täze sahypa açyldy. Hormatly Prezidentimiziň doganlyk döwlete resmi saparynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň mundan beýläk-de berkidilmegine gönükdirilen hökümetara we pudagara resminamalaryň 13-sine gol çekilmegi hem hyzmatdaşlygyň täze derejelerine itergi berlendigine şaýatlyk edýär. Saparyň barşynda ikiçäk görnüşde we giňişleýin düzümde geçirilen ýokary derejedäki gepleşiklerde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlara seljerme berlip, türkmen-türk hyzmatdaşlygyny yzygiderli berkitmek, täze derejä çykarmak boýunça strategik teklipler öňe sürüldi we iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň arasynda energetika, ulag, söwda, daşky gurşawy goramak, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş we beýleki ugurlar boýunça ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň resmi saparynyň Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllyk ýubileýiniň belleniljek gününiň öňüsyrasynda bolmagynyň uly many-mazmuna eýedigi hem aýratyn bellenilmelidir. Gahryman Prezidentimiz Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy we ýurduň ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň aramgähine gül goýmak çäresine gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň görnükli syýasy we döwlet işgäriniň baky aram tapan ýerine gül dessesini goýup, bir minutlap dymmak bilen ony hatyralady.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar