Geljekki terjimeçileriň tejribe sapaklary

31 Oktýabr 2023
866

Şu günler Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we Arheologiýasy institutynda önümçilik tejribesini geçýärler. Olar bu ýerde ýurdumyzda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerde ylmy-barlag işlerini alyp barýan görnükli alym-arheologlar bilen duşuşyp, taryhymyzyň şöhratly sahypalary barada giňişleýin düşünje alýarlar. Bu ýerde ýerleşýän arheologiýa we etnografiýa muzeýinde saklanylýan dürli gymmatlyklar bilen tanyşýarlar. Şeýle-de talyplar bu günki günde diňe ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da giňden tanalýan alym-etnograflaryň, taryhçylaryň halkymyzyň milli däp-dessurlaryna, gadymy kökleri asyrlaryň jümmüşine uzaýan taryhymyza bagyşlap ýazan ylmy makalalaryny iňlis diline terjime etmek bilen içgin meşgullanýarlar. Geljekki terjimeçiler nazaryýetde alan bilimlerini amaly iş arkaly baýlaşdyryp, G.Ýagşymyradowyň «Merwiň ýakyn Gündogar ýurtlar bilen ylym-bilim gatnaşyklary», M.Orazgylyjowyň «Parfiýa — bitaraplyk derejesi halkara şertnamalarynda hasaba alan ilkinji döwletdir», J.Babaýewanyň «Žurnalistikany döwrebap iňlis dilde okatmagyň ähmiýeti», A.Şamämmedowyň «XIX asyryň ahyrynda XX asyryň başlarynda türkmen çagalarynyň oýnawaç saz gurallary» atly ylmy makalalaryny iňlis diline terjime etdiler.

Talyp ýaşlaryň terjime eden makalalary ýurdumyzda neşir edilýän ylmy žurnallarda çap ediler.

Bahar MÄMMEDOWA,
TYA-nyň Taryh we Arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar