Ýunus Emräniň edebi mekdebi

30 Oktýabr 2023
838

Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde, türkmen halkynyň edebi mirasynyň alymlar tarapyndan täzeçe öwrenilmegine hem-de ýaş nesillere öwredilmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, parasatly atalaryň, dana pederleriň asylly nesilleri hökmünde biz bu gün beýik alymlarymyzyň, söz ussatlarymyzyň adamzadyň öňünde bitiren beýik hyzmatlaryna çäksiz hormat goýmak bilen, olara buýsanmalydyrys, guwanmalydyrys.

Beýik söz ussatlary geljek nesillere edebi, ruhy, çeperçilik gymmatlyklary miras galdyrmak bilen, öz halkynyň dilini-de timarlaýar, kämilleşdirýär, baýlaşdyrýar, ösdürýär. Çeper döredijilikde halkyň ruhy dünýäsine aralaşmak üçin, ilki bilen, onuň dilini, halk döredijiligini, taryhyny, ruhy garaýyşlaryny oňat bilmeli. Şahyr halk dilini, halk ýaşaýşyny näçe gowy bilse, onuň eserleri-de şonça kämil bolýar.

Gurbanjemal ANNAKOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgäri.
Beýleki habarlar