Astrahanyň «Beýik Pýoter» gämisi Hazar deňzi boýunça syýahatçylyga başlar

28 Awgust 2023
1025

Astrahan sebitinde «Beýik Pýoter» atly häzirki zaman gämisiniň gurluşygy tamamlanyp barýar. Ol 2024-nji ýylda Hazar deňzi boýunça syýahatçylyga başlar. Ýolagçylaryň syýahat etmegi üçin niýetlenen bu gämi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda-da durup geçer. Bu barada 23-nji awgustda Balkan welaýatynyň häkiminiň Russiýanyň Astrahan sebitiniň gubernatory Igor Babuşkin bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda aýdyldy.

Öz gezeginde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Seýitguly Baýseýidow häzirki wagtda türkmen portunda «Beýik Pýoter» gämisini garşy almak bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde işlenilýändigini aýtdy.

Beýleki habarlar