Jümle-jahan habarlary

23 Awgust 2023
892

185 metr belentlikdäki rekord

Sleklaýning sporty boýunça üç gezek dünýäniň çempiony bolan Ýan Ruz 185 metr belentlikde çekilen urganyň üstünden ýöräp geçip, täze dünýä rekordynyň eýesi boldy. Ol Kataryň paýtagty Doha şäherindäki «Katar Tauers» diýlip atlandyrylýan beýik binalarynyň arasynda çekilen urgan boýunça 150 metr aralygy ýöräp geçmegi başardy. Onuň üstünden ýörän urganynyň ini bary-ýogy 2,5 santimetre barabardy. Bu howply synagyň hötdesinden gelmegi başaran Ruz öz netijesine guwanýar. Sportuň bu täsin görnüşiniň tapawutly tarapy sleklaýn urganynyň darwazçylaryň tanap ýüpi ýaly däl-de, maýyşgak görnüşde bolmagydyr.

(Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
Beýleki habarlar