Sebitiň syýahatçylyk merjeni

8 Awgust 2023
829

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy gojaman Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenaryna bezeg goşýan, göreniň akylyny haýrana goýýan täsin künjekdir. Sebitiň syýahatçylyk merjenine öwrülen, sagaldyş-dikeldiş mümkinçiliklerine eýe bolan bu gözel künjek özüniň ajaýyplyklary, giň amatlyklary bilen çäksiz gyzyklanma döredýär. Bu ýerde döredilen gözellikler deňiz kenarynyň ajaýyplygy bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Bir-birinden kaşaň myhmanhanalar, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, häzirki zaman şypahana-syýahatçylyk ugurlaryna mahsus beýleki döwrebap desgalar täsin künjege nuranalyk goşýar. Deňiz kenarynda dynç almak, wagtyňy gyzykly we peýdaly geçirmek, saglygyňy dikeltmek üçin aňrybaş amatly şertler bar. Şeýle bolansoň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna baryp görmäge höwes edýänler diýseň köp.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarydyr taýsyz tagallalary bilen döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy tomus aýlarynda has-da köp mähelleli. Tomsuň häzirki günlerinde Awazada bolýan ildeşlerimiz onuň giň mümkinçiliklerinden peýdalanýarlar. «Ak ýelken», «Tolkun», «Rowaç» kottejler toplumlarynyň, «Älemgoşar», «Deňiz merjeni», «Jadyly kenar» ýaly attraksionlar seýilgähleriniň, «Awaza» söwda merkeziniň, «Awaza» sport toplumynyň, «Ýelken» we «Tolkun» ýaht-klublarynyň giň göwrümli hyzmatlarydyr amatlyklary olara ýakymly täsirleri peşgeş berýär. Awazanyň köpugurly sport toplumynyň giň mümkinçilikleri hem buýsanç bilen agzalmaga mynasypdyr. Onuň ýüzülýän howuzlary, buzly köşgi, agyr atletika, boks, taekwondo, dzýudo, sambo, basketbol, tennis, gimnastika, gandbol, woleýbol ýaly sport görnüşleri bilen meşgullanmak üçin giň zallarydyr meýdançalary öz içine almagy bu ýeriniň meşhurlygyny artdyrýar.

Ogulsabyr ALOWOWA,
Ahal welaýat kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar