«Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa gatnawlarynyň togtadylmagyny 28-nji oktýabra çenli uzaldýar

7 Awgust 2023
914

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 8-nji awgustyndan 28-nji oktýabry aralygynda Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugurlarynda uçuşlaryň togtadylýandygyny habar berdi.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwanyň ýerine şol meýilnama boýunça Kazana uçar. Bu barada awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda habar berildi. Moskwa petek satyn alan ýolagçylar goşmaça tölegsiz uçuşlary Kazana gaýtadan resmileşdirip bilerler ýa-da pullaryny doly yzyna gaýtaryp bilerler.

Beýleki habarlar