«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agentligi Aşgabat — Stambul ugry boýunça petekleri rublda onlaýn satyp başlady

4 Awgust 2023
849

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agentligi Aşgabat (ASB) — Stambul (IST) gatnawlary boýunça petekleriň rublda satylyp başlandygy barada habar berdi. Degişli bildiriş «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasynyň resmi web sahypasynda ýerleşdirildi.

«Gadyrly ýolagçylar, web sahypamyzda sentýabr üçin Aşgabat — Stambul gatnawlary boýunça petekleri satyn alyp bilersiňiz. Geljekde satuwy oktýabr aýyna çenli uzaldarys» diýilýär.

Beýleki habarlar