«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugurlarynda uçuşlaryň togtadylýandygyny habar berdi

2 Awgust 2023
987

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugurlarynda uçuşlaryň togtadylýandygyny habar berdi. Russiýa uçuşlar Aşgabat (ASB) — Kazan (KZN) — Aşgabat (ASB) ugurlarynda amala aşyrylar. Bu barada «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Habarda: «Hormatly ýolagçylar, 01.08.2023-den başlap, uçuş howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Moskwa howa giňişligindäki howa ýagdaýy, şeýle hem töwekgelçiligi bahalandyrmak esasynda, «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugry boýunça ýerine ýetirilýän ähli uçuşlary togtadylýar we Aşgabat — Kazan — Aşgabat ugurlarynda amala aşyrylýandygy barada Size habar berýäris!» diýilýär.

Beýleki habarlar