Milli raýat awiasiýasynyň içerki gatnawlarynyň sany artdyryldy

27 Iýul 2023
875

2023-nji ýylyň 2-nji awgustyndan  Aşgabat halkara howa menziline amala aşyrylýan ýerli ýolagçy howa gatnawlaryň tertibi “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär. 

Şol sanawda ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinden welaýat merkezlerine amala aşyrylýan uçar gatnawlarynyň sany artdyryldy. Mundan başga-da, ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat ugry boýunça hem gatnawlaryň ýygylygy artdyrylmagy “Awaza” milli syýahatçylyk merkezinde dynç almak isleýänler üçin amatly mümkinçilik bolup durýar.

Beýleki habarlar