Gezsem, dünýäni görsem

5 Iýul 2023
1046

Üçleýin birleşýän asman binasy

Üçleýin biri-biri bilen birleşýän ajaýyp asman binasynyň taslamasynyň Hytaýyň Ýuhan şäherinde ilkinji görkezilişi geçirildi. «ZNA» kompaniýasynyň wekilleri Ýuhan şäherindäki asman binasynyň diňe bir maliýe merkezi bolup hyzmat etmän, eýsem, adamlara açyk howada dynç almaga we gözellikleri synlamaga ýardam berjekdigini aýdýarlar. Asman binasynyň biri-biri bilen köpri arkaly birikmegi özüneçekijidir. Köpriniň gyralary ýaşyl baglyklar bilen örtüler. Binalar 52, 47 we 50 gatdan ybarat bolup, her biri şäheriň gözel künjeklerine gönükdirilendir. Üçleýin birleşýän asman binasy Günüň şöhlesinden paneller arkaly energiýa alyp, özbaşdak dolandyrylar. Binanyň 2025-nji ýylyň ahyrlaryna açylmagy meýilleşdirilýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Gülälek RAHYMOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar