«Türkmendemirýollary» agentligi VIP wagonlar üçin petekleriň satuwyny täzeden ýola goýdy

4 Iýul 2023
1380

«Türkmendemirýollary» agentligi ýolagçylar üçin ýokary hilli hyzmatlary hödürleýän VIP wagonlar üçin petekleriň satuwyny täzeden ýola goýdy.

Agentligiň metbugat gullugynyň «Turkmenportala» habar bermegine görä, VIP görnüşli wagonlar üçin petekler eýýäm wokzalyň kassalarynda satylyp başlandy. Ýakyn wagta şeýle petekleri railway.gov.tm saýty arkaly onlaýn satyn almak hem mümkin bolar.

Beýleki habarlar