Awokado

24 Iýun 2023
1174

Awokado subtropik ösümlik bolup, ata watany Meksika hasaplanýar. Onuň ady gadymy astekleriň dilinde «agaç ýumurtgasy» diýmegi aňladýar. Awokadonyň miwesiniň şahada goşa-goşadan ösýänligi üçin, onuň şeýle atlandyrylan bolmagy ahmal.

Eger-de siz ony satyn alan badyňyza iýmek isleýän bolsaňyz, onda onuň ýumşap bişen miwelerini saýlaň. Alan awokadoňyz heniz doly bişmedik bolsa, onda ony kagyza dolap, 2 — 5 gün öý temperaturasynda saklaň.

Gülnar ARAZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkeziniň barlaghana bölüminiň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar