Seýil edeliň bu jahana!

21 Iýun 2023
1169

90 ýaşly botanika bagy

Täjigistanyň Duşenbe şäherinde ýerleşýän Baş Botanika bagyna şu ýyl 90 ýyl dolýar. Bu özboluşly seýilbagda dünýäniň çar künjeginden getirilen on müňlerçe ösümlikler bar. Bu köpleriň iň gowy görýän ýeridir, biologlar hem bu ýerde dürli ylmy-barlaglary alyp barýarlar. Mysal üçin, bagyň «Gülleriň bagy» diýen ýerinde çigildemleriň 30 müňüsi ösüp otyr. Bag alty sany geografik zolaga bölünýär, bu ýerde seýrek serwi agaçlarydyr magnoliýa baglary, tropiki palmalar hem bar. Botanika bagy 40 gektar meýdany tutýar. Bagda hünärmenleriň şäherjigi hem ýerleşýär, onda baýramçylyk, aýdym-saz, aşpezlik festiwallarydyr hatda durmuş toýlary hem geçirilýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan
Mahym AŞYROWA.
Beýleki habarlar