Galama ganat Lebap

7 Iýun 2023
1159

― Diňe gawun gawundan däl, ýakym hem ýakymdan reňk alýan eken. Säher bilen uçardan düşenimde, Amyderýanyň üstünden öwüsýän sergin şemal ýüzümi sypan ýaly bolaýdy. Ine, indi bolsa «Şäherlere syýahat etmegi muzeýden başlamalymy ýa syýahatdan soň muzeýe gelmelimi?» diýen sowalyň jogabyny tapdym. Syýahaty muzeýden başlamaly eken» diýip, paýtagtly kärdeşimiz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýindäki salamlaşygymyzyň ilkinji minutlarynda ýylgyrýar. «Saparymyz şowuna bolubilsedir, hernä!» diýip, şapak ýaňy gyzaryp barýarka paýtagtdan ýola düşen kärdeşlerimiz ak şäheriň doglan gününden bir gün soň gündogar sebitdäki döredijilik saparyny döwürleri birleşdirýän muzeýden başladylar.

Döwürleriň jemlenen ýerinde

Beýleki habarlar