Şöhratly geçmişiň şuglasy

15 Maý 2023
1531

Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Mukaddes türkmen topragynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulyp, onuň dünýä siwilizasiýasynyň gadymy ojagydygyny, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegidigini doly ykrar edýän iň gadymy haşamly ýadygärliklere baý sebitleriniň biri hem gadymy Nusaýdyr» diýip belleýär. Munuň özi şöhratly taryhymyzda öçmejek yz goýan Nusaý galalarynyň ähmiýetini görkezýär.

Nusaý Parfiýa döwletiniň ilkinji paýtagtydyr. Gadymy şäheriň düýbi biziň eýýamymyzdan öňki III asyrda tutulypdyr. Bu gadymy ýadygärlik diňe bir türkmen alymlarynyň däl, eýsem, dünýäniň dürli künjegindäki arheologlaryň hem ünsüni çekýär. Nusaýyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi hem bu hakykaty tassyklaýar. Nusaýda ilkinji arheologik gazuw-agtaryş işleri 1930-njy ýylda belli taryhçy-arheolog A.Maruşenko tarapyndan geçirilip başlanýar. Arheolog öz işlerinde Nusaýyň hökmany öwrenilmeli taryhy ýadygärlikdigini we Parfiýa döwletiniň ilkinji paýtagtydygyny, döwleti esaslandyranlaryň häzirki Türkmenistanyň çäginden gelip çykandygyny belläp geçýär.

Arzuw BEKIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar