«Sian – Merkezi Aziýa» tiz otlusy işe girizildi

2 Maý 2023
1123

Mälim bolşy ýaly, 26-njy aprelde Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynyň daşary işler ministrleriniň 4-nji duşuşygy geçirildi. Mejlisiň çäklerinde daşary işler ministrleri Hytaý – Ýewropa demir ýolunyň Çanan ýörite ýük otlusynyň işe başlamagy mynasybetli dabara gatnaşdylar. Bu tiz ýük otlusy Hytaýyň Sian şäherinden Merkezi Aziýa ýurtlaryna gatnaw amala aşyrar. Otlynyň 12 günüň dowamynda Daşkent şäherine gelmegine garaşylýar.

Häzirki döwürde Hytaý – Ýewropa tiz otly ýoly Ýewraziýa yklymynyň üsti bilen amala aşyrylýan söwdalarda möhüm ähmiýete eýedir.

Beýleki habarlar