Aşgabatdan Urumçä uçuşlaryň bahasy belli boldy

27 Aprel 2023
1173

Hytaýyň «China Southern Airlines» awiakompaniýasynyň Urumçiden (Hytaý) Aşgabat (Türkmenistan) şäherine göni gatnawlary üçin petekleriň häzirki bahalary belli boldy.

Aşgabatdan Urumçä petekleriň bahasy, awiakompaniýanyň resmi web sahypasyndan satyn alnanda, «ekonom» synpy üçin bir tarapa 487 dollardan başlaýar. Ikitaraplaýyn uçuşyň bahasy 737 dollar. Urumçiden Aşgabat şäherine uçuşlar üçin niýetlenen petekleriň bahasy bolsa 423 dollardan başlaýar.

Beýleki habarlar