Çyn-Maçyndan «kerwen» geldi

25 Aprel 2023
1114

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde, bu ugurdaky mümkinçilikleri artdyrmakda, baý taryhy-medeni mirasymyzy giňden wagyz etmekde möhüm işler alnyp barylýar. Şunda «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» aýratyn orun degişlidir. Munuň şeýledigi şu ýylyň 20-nji martynda paýtagtymyzda geçirilen «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatda-da aýdyň ýüze çykdy.

Häzirki günlerde Merkezi Aziýa ýurtlaryna syýahata çykan hytaýly syýahatçylar «Biz ýene-de Beýik Ýüpek ýoluna düşýäris: Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özara medeni gatnaşygy» şygary astynda guralan gezelenjiň çäginde ýurdumyzyň taryhy we gözel künjeklerinde bolýarlar. Syýahatçylaryň aýtmaklaryna görä, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanýan ata Watanymyz gadymy döwürlerden bäri diňe bir syýahatçylykda däl, eýsem, söwda, işewürlik, hyzmatdaşlyk babatda hem örän amatly mümkinçiliklere eýedir. Syýahatçylyk toparynyň ýolbaşçysy He Wnjing bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:

Çaryguly HANJAÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar