"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Türkmenistan — Gazagystan: dost-doganlyk ýoly bilen

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmegi, syýasy, ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki işleri dowam etdirmegi maksat edinýär. Ýurtlarymyzyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi bolsa hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýokary derejededigine, ony mundan beýläk-de giňeltmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. 10-11-nji oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Aşgabada amala aşyran resmi sapary hem bu hakykaty nobatdaky gezek tassyklady. Syýasy dialogyň yzygiderliligi — ynanyşmagyň nyşany

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň jemleýji resminamasy

2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti, Mongoliýanyň Prezidenti, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň Hökümet agzalary, meşhur alymlar, medeniýet işgärleri we diplomatlar gatnaşdylar. Halkara foruma gatnaşyjylar:

Döwletara dialogyň taryhynda täze tapgyr

Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň 10 — 13-nji oktýabrda Türkmenistana amala aşyran ilkinji sapary 1992-nji ýylyň 23-nji aprelinde ýola goýlan döwletara dialogyň taryhynda hil taýdan täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyran möhüm ädime öwrüldi. Dostlukly ýurduň Baştutany saparyň çäginde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp paýtagtymyzda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma hem gatnaşdy. 12-nji oktýabrda Türkmenistanyň hem-de Mongoliýanyň Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz han» köşkler toplumynyň «Rowaç» zalynda geçirilen ikiçäk gepleşikleriň dowamynda hormatly Prezidentimiz Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň ýurtlarymyzyň halklarynyň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmekde taryhy waka boljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistanyň Mongoliýa bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegi, iri halkara guramalaryň çäklerinde ýakyndan özara hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändigini belledi. Türkmen-mongol gatnaşyklarynyň mazmuny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ählumumy ösüşiň ý

Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda döwletara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda bilelikdäki beýannama

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh 2024-nji ýylyň 10 — 13-nji oktýabry aralygynda Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrdy. 2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh (mundan beýläk — taraplar) dostlukly, açyk we işjeň ýagdaýda resmi gepleşikleri geçirdiler hem-de syýasat, ykdysadyýet, oba hojalygy, ulag, logistika, syýahatçylyk, bilim, medeniýet ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem taraplar iki ýurduň raýatlarynyň arasynda gatnaşyklary berkitmegiň, sebitde we halkara giňişlikde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Dunaýyň kenarlaryndan «akylly» şähere

Arkadag şäherinde geçirilen VI Wena baly iki ýurduň halklarynyň birek-biregiň medeni durmuşyna, has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga bolan gyzyklanmalaryny nobatdaky gezek tassyklady. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. 200 ýyla golaý taryhy bolan Wena baly Awstriýanyň paýtagtynyň esasy nyşanlarynyň biri bolup, geçen döwürde öz meşhurlygyny ýitirmän, eýsem, Awstriýanyň, hatda Ýewropanyň çäklerinden hem daşary çykyp, dünýäniň dürli ýurtlarynda yzygiderli geçirilýän medeni çärä öwrüldi. Bu döredijilik çäresiniň Arkadag şäherinde geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan täsin şäheriň gurluşygy türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň anyk netijesidir. Arkadag şäheriniň türkmen topragynyň, ata-babalarymyzyň şöhratly taryhynyň gözbaş alan gadymy künjekleriniň birinde gurlandygy hem bellenilmäge mynasypdyr.

Parlament diplomatiýasyny ilerledip

14-nji oktýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi. «Parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we özara ynanyşmagyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly plenar mejlisde çykyş edenler Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň arasynda parlament gatnaşyklaryny berkitmekde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde häzirki wagtda halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, has-da ösdürilýär. Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibindäki meseleler bilen bir hatarda, parlamentara dialog hem ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde, özara gatnaşyklary giňeltmekde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunda parlamentara dostluk toparlaryna uly orun degişlidir. Olaryň işi doganlyk halklaryň arasynda özara düşünişmegiň netijeli guraly bolup durýar.

Üns merkezinde — durmuş syýasaty meselesi

17-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisi geçirildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşyga ygtyýarly guramalaryň wekilleri we Arkalaşyga agza ýurtlardan — Azerbaýjan Respublikasyndan, Ermenistan Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Türkmenistandan we Özbegistan Respublikasyndan bilermenler, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, Döwletara statistika komitetiniň, Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň, «Garaşsyz Döwletleriň weteranlar (pensionerler) jemgyýetçilik guramalarynyň arkalaşygy» halkara bileleşiginiň utgaşdyryjy geňeşiniň hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, maslahat beriş geňeşi iş alyp barýan 30 ýylynyň dowamynda Arkalaşyga agza döwletleriň durmuş ugurly syýasatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam bermek bilen, jemgyýetçilik we zähmet pudagynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegine, umumy zähmet bazarynyň döredilmegine, ugurdaş infrastrukturanyň ösdürilmegine möhüm goşant goşdy.

Nebitgaz forumy — mümkinçilikleriň meýdançasy

23 — 25-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahat we sergi geçirilýär. Bu çäräniň maksady energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek boýunça sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan, dünýäniň energetika ulgamyndaky soňky ýörelgelere göz aýlamakdan we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybaratdyr. Şu gezekki forum ýüzlerçe gatnaşyjyny, şol sanda daşary ýurt kompaniýalarynyň, iri halkara guramalaryň, banklaryň wekillerini bir ýere jemledi. Olaryň käbiri pikir alyşmalara sanly ulgam arkaly goşuldylar. Myhmanlar ýangyç-energetika toplumynda halkara, sebit we milli derejede senagatyň geljekki strategiýasyny kemala getirmäge gönükdirilen täzeçillikler, dünýäniň nebit bazaryndaky işleriň ýagdaýy, bu ulgamda marketing strategiýalary baradaky seljeriş-syn maglumatlary bilen tanyşdyryldy. Foruma gatnaşýan wekiliýetleriň düzüminiň ýyl-ýyldan barha giňelmegi dürli ýurtlaryň işewür toparlary tarapyndan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanmanyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.

Dostluk köprüleri berkidilýär

16-17-nji oktýabrda ýurdumyzda Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet günleri geçirildi. Bu döredijilik çäresi iki dostlukly döwletiň strategik hyzmatdaşlygynda medeni-ynsanperwer ulgama aýratyn ähmiýet berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Soňky wagtda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda ynsanperwer gatnaşyklar çuň many-mazmuna eýe bolýar. Bilim ulgamynda gatnaşyklar giňeldilip, ylym we medeni alyşmalar, iki döwletiň sebitara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär. Ýurtlarymyzda yzygiderli geçirilýän Medeniýet günleri meşhur döredijilik çäresine öwrüldi. Nobatdaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy üçin saýlanyp alnan Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň tomaşaçylardan doly zaly hem Türkmenistanda bu çärä uly gyzyklanma bildirilýändigini görkezdi. Bu ýere medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, dostlukly halkyň sungatynyň köp sanly muşdaklary ýygnandylar.

Medeniýetleriň teatryň dilindäki söhbetdeşligi

18 — 20-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly ýurdumyzyň Türki medeniýetiň halkara guramasyna girýän döwletler bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň barha ilerledilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Bu çäre şu ýylda gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraldy. Festiwalyň çäginde geçirilen TÜRKSOÝ-nyň Muzeýler birleşiginiň, agza ýurtlaryň ýazyjy-şahyrlarynyň, suratkeşleriniň duşuşyklarynda türki halklaryň medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda geçirildi. Dabara mynasybetli teatryň öňündäki meýdançada halkara festiwala gatnaşýan döredijilik toparlarynyň dabaraly ýörişi hem-de tanyşdyrylyşy, teatryň eýwanynda bolsa kitap we sungat eserleriniň sergisi guraldy.

Moskwa duşuşygy: dostluk we hyzmatdaşlyk ruhy bilen

Türkmenistan öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, dürli ulgamlarda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini nazara alyp, Arkalaşygyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 7-8-nji oktýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna amala aşyran iki günlük iş sapary hem ýurdumyzyň GDA döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ygrarlydygyny nobatdaky gezek açyp görkezdi. 8-nji sentýabrda Uly Kreml köşgünde geçirilen GDA-nyň sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem Moskwa geldiler. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin sammite gatnaşyjylary mübärekläp, mejlisiň gün tertibiniň Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny, şol sanda ykdysady, söwda-maýa goýum hyzmatdaşlygy, dürli pudaklarda täze iri, özara bähbitli ta

«Akylly» şäherdäki işleriň depgini güýçlenýär

7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli maglumatlar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň, şol sanda Çeperçilik haly kärhanasynyň taýýarlanylan taslamalary, toplumyň baş binasynyň daşky bezeg aýratynlyklary, şäheriň çäklerinde bina edilýän beýleki durmuş maksatly desgalaryň enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berdi. Bu ýerde haly kärhanasynyň umumy görnüşi, onuň daşky bezeg aýratynlyklary, Arkadag şäheriniň täze seýilgähiniň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň şekil taslamalary hem-de olaryň yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri görkezildi.

Üns merkezinde — döwletli maslahatyň döwletli çözgütleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň Prezidiumynyň mejlisiniň gün tertibine beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütlerden gelip çykýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi. Onuň işine Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki döwlet, häkimiýet we jemgyýetçilik edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyz mejlisi açmak bilen, Prezidiumyň agzalaryna ýüzlenip, ýakynda berkarar ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 26-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmaga gelen Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogany, «Buig» kompaniýasynyň Baş direktorynyň orunbasary Edward Buigi, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy William Buigi we «Buig Batiman International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pýer-Erik Sen-Andreni, «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony, «CLAAS» kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy hanym Katrina Klaas-Mýulhoýzeri kabul etdi.

TÜRKMENISTAN — PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW «Adamzadyň beýik geljegi parahatçylygyň üpjün edilmegi bilen bagly bolýar. Häzirki döwrüň ösen täze başlangyçlary diňe adamzadyň howpsuz, asuda ýaşaýşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen maksatlary durmuşa geçirmäge hyzmat etmelidir».

Türkmenistan durnukly ösüş ýoly bilen öňe barýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 4-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň dokuz aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Hökümet mejlisiniň dowamynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlar bilen çykyş etdiler. Ýurdumyzda gazanylan makroykdysady görkezijiler hakyndaky hasabatdan mälim bolşy ýaly, maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, şu ýylyň dokuz aýynda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,5 göterime, gurluşykda 9,3 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 6,8 göterime, söwdada 9 göterime, oba hojalygynda 5,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,5 göterime deň boldy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,7 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň üç çärýeginde bölek satuw haryt dolanyşygy 11,2 göterim köpeldi. Daşary söwda dolanyşygynda hem oňyn görkezijiler gazanyldy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,4 göterim, çykdajy bölegi 97,7 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10

Milli saglygy goraýşyň binýady berkidilýär

Ynsan saglygyny goramagyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygyna deňelýän ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Asylly däbe görä, giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň öň ýanynda paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi hem ajaýyp hakykatyň aýdyň subutnamasydyr. 9-njy oktýabrda ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze saglygy goraýyş düzümleriniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Aýdym-saz we tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary dabarany baýramçylyk ruhuna besledi.

Ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildi

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XVI jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Täze neşir ýurdumyzda giňden bellenilýän hünär baýramynyň — Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda çap edildi. Çykyşlarda köp jiltli ylmy neşiriň diňe bir halkara lukmançylyk jemgyýetçiliginde däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döredýändigi we uly meşhurlykdan peýdalanýandygy nygtaldy. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler hem-de milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerine terjime edilip, daşary ýurt okyjylarynyň millionlarçasyna elýeterli boldy. Baý mazmunly ensiklopediýa daşary ýurtly okyjylary ýurdumyzyň tebigaty bilen ýakyndan tanyşdyrmaga hem mümkinçilik döreder.

Halklary ýakynlaşdyrýan dostluk toýy

7 — 9-njy oktýabrda paýtagtymyzda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirildi. Munuň özi iki dostlukly ýurduň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygynyň aýdyň beýanydyr. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda medeni alyşmalar ýola goýuldy, onuň çäklerinde ylmy maslahatlar, iki ýurduň meşhur aýdymçylarynyň çykyşlary, sergiler, kinofilmleriň görkezilişleri, beýleki bilelikdäki çäreler guralýar. Şeýle-de Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik işgärleri gazagystanly kärdeşleri bilen bilelikde dostlukly ýurduň dürli sebitlerinde Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan «Ismim düşdi ilden-ile» atly dokumental filmi surata düşürýärler.

Möhüm ulgamlarda belent sepgitler

9-njy oktýabrda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň dabaraly açylyşy boldy. Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren joşgunly aýdym-sazly çykyşlary halkara serginiň açylyş dabarasyna baýramçylyk ruhuny çaýdy. Ýygnananlar halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagyny diňlediler. Gutlagda ýurdumyzda saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada bellenilýär. Soňra myhmanlar sergi pawilýonlary bilen tanyşdylar. Sergide ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüş depgini, Türkmenistanyň lukmançylyk ylmynda we senagatynda, ilatyň saglygyny goramakda ýeten sepgitleri, ägirt uly kuwwaty, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bu ulgamdaky işjeň gatnaşyklara barha artýan gyzyklanmalary öz beýanyny tapýar. Sergä öz diwarlyklary bilen gatnaşýanlaryň arasynda Russiýadan, Belarusdan, Germaniýadan, ABŞ-dan, Fransiýadan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Hindistandan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan we beýleki döwletlerden lukmançylyk hyzmatlarynyň, tebigy gözellik serişdeleriniň, çaga iýmitiniň dürli görnüşlerini hödürleýän, dermanlary, lukmançylyk enjamlaryny, sarp ediş harytlaryny öndürýän kompaniýalar bar.