"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Nobel baýragynyň taryhy

Şwesiýaly himik Alfred Nobel 1833-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Stokgolmda dünýä inýär. Ol çagalygyndan himiýa bilen gyzyklanyp başlaýar. Şol döwürlerde ýol çekmek, magdan känlerini gazmak, ýer asty geçelgelerini açmak ýaly işler agyr zähmeti talap edýärdi. Alfred Nobel birnäçe wagtlap ylmy barlaglary geçirip, 1864-nji ýylda dinamiti oýlap tapýar. Nobeliň açyşy bu işleri ýeňilleşdirmäge giň mümkinçilik döredýär. Bu açyş ony derrew meşhur we baý edýär. Emma gazanan meşhurlygy we baýlygy ony şeýle bir begendirmändir. Alfred Nobel ömrüniň ahyrky günlerinde özüniň meşhur wesýetnamasyny ýazypdyr we 1896-njy ýylyň 10-njy dekabrynda San-Remoda aradan çykypdyr. Alfred Nobeliň wesýetnamasynda bellenişi ýaly, onuň mirasynyň belli bir bölegi ynsanlar üçin peýdaly işleri amala aşyranlara baýrak hökmünde berilýär. Bu baýrak bäş ugurda, ýagny himiýa, fizika, edebiýat, halkara ylalaşdyryjylyk, lukmançylyk ýaly ugurlarda görnükli iş bitiren şahslara ýa-da ýörite guramalara berilýär. Ilkinji Nobel baýragy 1901-nji ýylda berlip başlanýar. Edebiýat ugrundan ilkinji baýraga şol döwrüň meşhur ýazyjylarynyň biri Rene Sýulli-Prýudom mynasyp bolýar. Bu baýragyň gowşurylyş dabarasy her ýyl Nobeliň aradan çykan güni bolan 10-njy dekabrda bolýar. Baýrak alanlara ýörite diplom, medal we belli bir mukdarda pul gowşurylýar. 1901-nji ýyldan 2021-nji ýyl aralygynda bu baýrak 118 gezek gowşuryldy. 1914, 1918, 1

Ösüş­le­riň berk bin­ýa­dy

«Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­lyn­da ka­bul edi­len «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da» yl­myň we in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň esa­syn­da mil­li önüm­çi­li­gi düýp­li döw­re­bap­laş­dyr­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Şun­da yl­my-in­no­wa­sion çöz­güt­le­re aý­ra­tyn orun be­ril­ýär. Bu ba­bat­da hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Teh­no­lo­gi­ýa­lar mer­ke­zin­de «Ana­li­ti­ki hi­mi­ýa», «Or­ga­ni­ki däl mad­da­la­ryň teh­no­lo­gi­ýa­sy», «Ýer gur­lu­şy, ýer­le­riň ka­dast­ry we mo­ni­to­rin­gi», «Geoin­for­ma­ti­ka», «Geoe­ko­lo­gi­ýa», «Bio­teh­no­lo­gi­ýa (şol san­da bio­na­no­teh­no­lo­gi­ýa)», «Ener­gi­ýa­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän gör­nüş­le­ri­niň esa­syn­da­ky ener­go­gur­naw­lar», «Ul­gam­la­ýyn sel­jer­me, in­for­ma­si­ýa­ny do­lan­dyr­mak we iş­le­mek» ýa­ly hü­när­ler bo­ýun­ça 9 as­pi­rant, 4 ylym­la­ryň kan­di­da­ty we 2 sa­ny dok­tor­lyk de­re­je­si­ne da­laş­gär­ler taý­ýar­lan­ylýar. Merkezde tä­ze in­no­wa­sion inf­rast­ruk­tu­ra­ny dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, Teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň trans­fer mer­ke­zi dö­re­dil­di. Trans­fer mer­ke­zi­ne yl­my-bar­lag­la­ryň ne­ti­je­le­ri­ni tä­jir­leş­dir­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne ba­ha ber­mek, onuň stra­te­gi­ýa­sy­ny iş­

Ylym hakynda

Ylymly bolup amal etmeýän alym ýagmazak bulut ýalydyr. * * *

Intellektual eýeçilik ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýokary ykdysady ösüşler gazanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda intellektual eýeçiligiň ösdürilmegine hem aýratyn üns berilýär. Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy (World Intellectual Property Organization) bu ugurda hereket edýän birnäçe möhüm konwensiýalaryň, maksatnamalaryň işini dolandyrýan halkara guramasydyr. Iňlis, arap, ispan, hytaý, rus, fransuz dilleri Halkara guramanyň resmi dilleri hasaplanylýar. Bu gurama agza her bir ýurt döredijiligi ösdürmek we döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň üsti bilen dünýäde intellektual eýeçiligiň goralmagyny üpjün etmek maksady bilen baglaşylan şertnamalara laýyklykda zerur çäreleri görmäge jogapkärdir. Şeýlelik bilen, guramanyň işi döredijiligi sylaglaýan, innowasiýany höweslendirýän we jemgyýetiň bähbidine ykdysady ösüşe goşant goşýan halkara ulgamyny ösdürmäge niýetlenendir. Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy Birleşen Milletler Guramasynyň intellektual eýeçiligi ylymda we ykdysadyýetde täzeçil hem-de döredijilikli işläp taýýarlamalary (rugsatnama, awtorlyk hukugy, harytlyk nyşan, nusga) höweslendirmegiň serişdesi hökmünde peýdalanmak meseleleri bilen meşgullanýan gurama bolup durýar. Türkmenistan hyzmatdaşlyk edýän abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde, 1995-nji ýyldan bäri doly hu

Döwrüň ganatynda, bagtyň aýasynda

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Maslahatlar merkezinde ýaşlaryň gatnaşmaklarynda döwlet ýaşlar syýasatynyň, bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanan maslahaty geçirmegi galkynyşly günlerimize altyn harplar bilen ýazyldy. Gahryman Arkadagymyzyň hem nygtaýşy ýaly, maslahatyň esasy maksady ýaşlar hakynda Kanunyň taslamasyna seredip, bu kanunçylyk resminamasy barada ýaş nesliň wekilleriniň tekliplerini öwrenmek bilen bagly boldy.

Ylymly ýaşlar — röwşen geljegimiz

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň jemleri jemlenildi. Ýaş alymlaryň bäsleşigine Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakultetinden Hangeldi Rozyýew hem gatnaşyp, 1-nji orna eýe bolup, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp boldy. Harby talybymyzyň gazanan bu ajaýyp üstünligi geljekki harby lukmanlaryň, ýagny fakultetiň harby talyplarynyň diňe bir okuw maksatnamasy esasynda bilim almak bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň ylmy kuwwatyny pugtalandyrmakda, aýratyn hem harby-lukmançylyk ylmyny ösdürmekde, ylmy açyşlary, innowasion tejribeleri, ylmy barlaglary alyp barjakdyklaryna şaýatlyk edýär. Ýakup ORUNOW, Myrat Garryýew adyndaky  TDLU-nyň Harby-lukmançylyk fakultetiniň kliniki ordinatory, leýtenant.

Ýurt goragçylarynyň üstünlikleri

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň jemleri jemlenildi. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlaryň ylmy-barlag işleri bilen içgin meşgullanmaklary, döwrebap bilim almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy hem yzygiderli işleri alyp barýar. Şu ýylky geçirilen ýaş alymlaryň bäsleşigine Türkmenistanyň Serhet institutynyň ýaş alymlary işjeň gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. Olardan Serhet institutynyň pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň mugallymy, uly leýtenant Batyr Gylyjowyň, 5-nji ýyl harby talyby Furkatžan Matkurbanowyň 3-nji orny eýeläp, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýlaryna mynasyp bolandyklary aýratyn bellärliklidir.

Buý­san­ja bes­le­nen ta­ry­hy wa­ka

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň ylym-bi­lim ul­ga­myn­da uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­ýar. Eziz Di­ýa­ry­myz­da oka­mak, öw­ren­mek, dö­ret­mek we ne­ti­je­li iş­le­mek üçin dö­re­di­len aja­ýyp müm­kin­çi­lik­ler­den ruh­lan­ýan Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry hem-de ta­lyp ýaş­la­ry üçin hem 2022-nji ýy­lyň 9-njy iýu­ny ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat­la­ra öw­rü­lip, ins­ti­tu­ty­my­zyň ta­ryh sa­hy­pa­sy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­dy. Şol gün bi­ziň ins­ti­tu­ty­my­za Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ga­da­my düş­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň Le­bap we­la­ýa­ty­na sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň iň baý­ry ylym ojak­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýan Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty­na ge­lip, döw­re­bap bi­lim al­mak üçin dö­re­di­len şert­ler bi­len ta­nyş­ma­gy we ta­lyp­la­ra hä­zir­ki za­man yl­my­nyň ga­za­nan­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, döw­re­bap ylym-bi­lim ber­ýän pro­fes­sor-mu­gal­lym­lar­dyr ýü­rek­le­ri hy­juw­ly we joş­gun­ly, yl­ma-bi­li­me hö­wes­li we giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly ze­hin­li ta­lyp ýaş­lar bi­len du­şuş­ma­gy äh­li­mi­ziň göw­nü­mi­zi gal­kyn­dyr­dy. Geç­mi­şe ser sa­la­nyň­da-da mu­gal­lym­çy­lyk kä­ri­niň her bir jem­g

Köňül kelamy

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da äh­li ul­gam­lar­da bol­şy ýa­ly, ylym-bi­lim ul­ga­myn­da hem uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­ýar. Ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­riň ylym­ly, bi­lim­li, saý­lan hü­nä­ri­ne kä­mil ýaş­lar bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri üçin bi­möç­ber iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýur­du­my­zyň ylym-bi­lim ul­ga­my­ny ös­dü­rip, ony hal­ka­ra de­re­je­si­ne çy­kar­mak­da ama­la aşy­ran be­ýik tu­tum­la­ry­ny üs­tün­lik­li do­wam ed­ýän Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz bu gün­ki gün­de bi­lim-ter­bi­ýe­çi­lik eda­ra­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri has-da kämilleşdirmäge aý­ra­tyn üns ber­ýär. Bu asyl­ly ýö­rel­ge­ler ýaş ne­sil­le­riň sag­dyn dur­muş­da ýa­şa­ma­gy, döw­re­bap bi­lim-ter­bi­ýe al­ma­gy, in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan baş çy­kar­ýan, giň göz­ýe­tim­li hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mäge, şeý­le hem bi­lim ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.

Belent maksatlar rowaçlanýar

Ýur­du­myz­da yl­my iş­le­ri ama­la aşyr­mak, yl­my göz­leg­le­riň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek, ola­ryň ne­ti­je­le­ri­ni önüm­çi­li­ge or­naş­dyr­mak üçin ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň ýur­du­my­zyň ylym-bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge ber­ýän uly ün­si ne­ti­je­sin­de yl­my eda­ra­la­ryň we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy pug­ta­lan­dy­ryl­ýar, ola­ryň işi­ne iň tä­ze mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ornaşdyrylyp, in­ter­ne­tiň we elekt­ron ki­tap­ha­na­la­ryň üs­ti bi­len mag­lu­mat­la­ryň dün­ýä gaz­na­sy­na ýo­ka­ry tiz­lik­li el­ýe­ter­li­lik üpjün edilýär. Hä­zir­ki wagt­da alym­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, dün­ýä­niň iri ylym-bi­lim mer­kez­le­ri, hal­ka­ra gu­ra­ma­lar we gaz­na­lar bi­len uzak möh­let­li hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak üçin müm­kin­çi­lik­ler düýp­li gi­ňel­di. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne, Aş­ga­bat­da we we­la­ýat­la­ryň do­lan­dy­ryş mer­kez­le­rin­de yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän mas­la­hat­lar, okuw­lar, ser­gi­ler, yl­my iş­gär­le­riň du­şu­şyk­la­ry hem şa­ýat­lyk ed­ýär. Ola­ra dür­li ýurt­lar­dan köp san­ly myh­man­lar iş­jeň gat­naş­ýar­lar.

Ylym-bi­li­mi wa­gyz et­me­giň äh­mi­ýe­ti

Mek­dep okuw­çy gyz­la­ry­ny ma­te­ma­ti­ka yl­my­na hö­wes­len­dir­mekde we hü­när­le­re ug­ruk­dyr­mak­da sa­pak­lar­da we synp­dan da­şa­ry iş­ler­de dün­ýä bel­li ma­te­ma­tik ze­nan­la­r we ola­ryň yl­my iş­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­ma­gyň äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Ta­ry­hyň sa­hy­pa­la­ry ma­te­ma­ti­ka yl­myn­da uly açyş­la­ry, öz ze­hin­le­ri bi­len dün­ýä bel­li bo­lan alym ze­nan­la­ryň alyp ba­ran işi­ni be­ýan ed­ýär. Gre­si­ýa­ly Gi­pa­ti­ýa ma­te­ma­ti­ka yl­my­na go­şant go­şan ma­te­ma­tik­ ze­nan­la­ryň bi­ri­dir.

Ýürek sözi

Ýaşlaryň üstünligi 12-nji iýunda ýurdumyzda giňden bellenilen Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan bilelikde yglan edilen ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Oňa Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabaranyň myhmanlarynyň hatarynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar-da bar.

Paýhasyň we ösüşleriň açary

Ýaş nesilleriň türkmen ylmyna goşýan goşandyna ýokary baha berildi 12-nji iýunda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda her ýylda Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guraýan bu bäsleşigine ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň we önümçilik birleşikleriniň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, orta hünär okuw mekdepleriniň okuwçylary, şeýle-de ylmy işe höwesli dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşdylar.

Ruhubelentlige beslenen dabaralar

Welaýatymyzda Ylymlar güni mynasybetli ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary ýokary ruhubelentlige beslendi. Welaýat kitaphanasynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň rowaçlyga beslenýän günlerini has-da dabaralandyrdy. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda ýaşlaryň bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy üçin döredilip berilýän ägirt uly mümkinçilikler dogrusynda buýsanç bilen nygtadylar. Şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ylmynyň rowaçlanmagy ugrunda uly tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.

Ylym tükenmeýän hazynadyr

Ylymlar dünýäsinde güýjüni synaýan ýaşlarymyz ata Watanymyzyň gazanýan belent ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi her ýyl ýaş alymlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik yglan edýär. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary we talyplary hem şol bäsleşige işjeň gatnaşyp, ýylyň-ýylyna uly üstünlikleriň eýeleri bolýarlar. Bäsleşigiň şu ýylky ýeňijileriniň ýürek buýsançlaryny size ýetirmegi makul bildik. Hudaýberdi  SAPARMURADOW,institutyň biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň öwreniji mugallymy:

Ýaş alymyň ýürek buýsanjy

Jahantäç ÖWEZOWA, «Biznes reklama» gazetiniň öz habarçysy, Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen ylmy işler boýunça bäsleşiginiň ýeňijisi, 1-nji orun.

Ylmy kuwwat ösdürilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ylym ulgamyny özgertmek we ösdürmek boýunça düýpli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ylym milli ykdysadyýetiň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda, onuň innowasion ösüşini üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär. Bazar ykdysady gatnaşyklary şertlerinde halk hojalygynyň pudaklarynyň zerurlyklaryna gönükdirilen ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmek, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň derwaýyslygy has-da artýar. Berkarar döwletimizde ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmeklige, ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen köp sanly kanunlar, kadalaşdyryjy hukuk namalary, maksatnamalar we meýilnamalar kabul edildi. Döwlet tarapyndan ylma berilýän goldawlaryň netijesinde akademiki we pudaklaýyn ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, ykdysadyýetiň pudaklary üçin geljegi uly ylmy barlaglary, tejribe-synag we tehnologik işleri maliýeleşdirmeklige gönükdirilýän serişdeleriň möçberleri artýar.

Ýaş alymlaryň gadamlary

Häzirki täze taryhy döwürde ýaş alymlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň tejribeli halypalaryň ýolbaşçylygynda möhüm ugurlar boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmekleri hem-de bu ugurda guralýan ylmy bäsleşiklere gatnaşmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaş alymlarymyz halkara derejesinde geçirilýän ylmy-amaly we ylmy-önümçilik maslahatlaryna gatnaşyp, tejribe toplaýarlar. Bu bolsa ýurdumyzyň zehinli ýaşlarynyň döredijilikli zähmet çekmegine, öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmegine, bäsleşige ukyply, netijeli ylmy işleri alyp barmagyna mümkinçilik döredýär.

Kitap — çagalaryň iň gowy dosty

Kitaplaryň çaga ösüşindäki peýdasy we ähmiýeti Ähli ene-atalar çagalarynyň bilesigeliji hem-de öwrenmäge höwesli bolmaklaryny we durmuşda üstünlik gazanmaklaryny isleýärler. Ösüşiň iň oňat serişdelerinden biri hem kitapdyr. Çaganyň ähli tarapdan ösmeginde kitabyň esasy ornuny göz öňünde tutup, ene-atalar we mugallymlar çagalara kitaby söýmegi öwretmek wezipesi bilen ýüzbe-ýüz durýarlar.

Tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­lar — ösü­şiň bin­ýa­dy

Paýtagtymyzda hal­ka­ra yl­my mas­la­hat ge­çi­ril­ýär Aş­ga­bat, 12-nji iýun (TDH). Şu gün paý­tag­ty­myz­da “Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ylym, teh­ni­ka we in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar” at­ly iki gün­lük hal­ka­ra yl­my mas­la­hat öz işi­ne baş­la­dy. Ol ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Ylym­lar gü­ni my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýär.