Nobel baýragynyň taryhy

17 Iýun 2022
1887

Şwesiýaly himik Alfred Nobel 1833-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Stokgolmda dünýä inýär. Ol çagalygyndan himiýa bilen gyzyklanyp başlaýar. Şol döwürlerde ýol çekmek, magdan känlerini gazmak, ýer asty geçelgelerini açmak ýaly işler agyr zähmeti talap edýärdi. Alfred Nobel birnäçe wagtlap ylmy barlaglary geçirip, 1864-nji ýylda dinamiti oýlap tapýar. Nobeliň açyşy bu işleri ýeňilleşdirmäge giň mümkinçilik döredýär. Bu açyş ony derrew meşhur we baý edýär. Emma gazanan meşhurlygy we baýlygy ony şeýle bir begendirmändir. Alfred Nobel ömrüniň ahyrky günlerinde özüniň meşhur wesýetnamasyny ýazypdyr we 1896-njy ýylyň 10-njy dekabrynda San-Remoda aradan çykypdyr.

Alfred Nobeliň wesýetnamasynda bellenişi ýaly, onuň mirasynyň belli bir bölegi ynsanlar üçin peýdaly işleri amala aşyranlara baýrak hökmünde berilýär. Bu baýrak bäş ugurda, ýagny himiýa, fizika, edebiýat, halkara ylalaşdyryjylyk, lukmançylyk ýaly ugurlarda görnükli iş bitiren şahslara ýa-da ýörite guramalara berilýär. Ilkinji Nobel baýragy 1901-nji ýylda berlip başlanýar. Edebiýat ugrundan ilkinji baýraga şol döwrüň meşhur ýazyjylarynyň biri Rene Sýulli-Prýudom mynasyp bolýar. Bu baýragyň gowşurylyş dabarasy her ýyl Nobeliň aradan çykan güni bolan 10-njy dekabrda bolýar. Baýrak alanlara ýörite diplom, medal we belli bir mukdarda pul gowşurylýar. 1901-nji ýyldan 2021-nji ýyl aralygynda bu baýrak 118 gezek gowşuryldy. 1914, 1918, 1935, 1940— 1943-nji we 2018-nji ýyllarda bu baýrak gowşurylmady. 1904, 1917, 1966 we 1974-nji ýyllarda edebiýat ugrundan Nobel baýragyna 2 adam mynasyp boldy. Edebiýat ugrundan Nobel baýragyna mynasyp bolanlar şulardyr: 1901-nji ýylda Sýulla-Prýudom (Fransiýa), 1902-nji ýylda Teodor Mommzen (Germaniýa), 1903-nji ýylda Býornstýerne Býornson (Norwegiýa), 1904-nji ýylda Frederik Mistral (Fransiýa) we Hose Eçegaraý-i-Eýsagirre (Ispaniýa), 1905-nji ýylda Genrik Senkewiç (Russiýa), 1906-njy ýylda Jozue Karduççi (Italiýa), 1907-nji ýylda Redýard Kipling (Beýik Britaniýa), 1908-nji ýylda Rudolf Eýken (Germaniýa), 1909-njy ýylda Selma Lagerleýof (Şwesiýa), 1910-njy ýylda Paul Heýze (Germaniýa), 1911-nji ýylda Moris Meterling (Belgiýa), 1912-nji ýylda Gerhart Gauptman (Germaniýa), 1913-nji ýylda Rabindranat Tagor (Hindistan), 1915-nji ýylda Romen Rollan (Fransiýa), 1916-njy ýylda Werner fon Heýdenstam (Şwesiýa), 1917-nji ýylda Karl Gýellerup (Daniýa) we Henrik Pontoppdan (Daniýa), 1919-njy ýylda Karl Şpitteler (Şweýsariýa), 2020-nji ýylda Knut Gamsun (Norwegiýa), 2021-nji ýylda Anatol Frans (Fransiýa), 1922-nji ýylda Hasinto Benawente-i-Martines (Ispaniýa), 1923-nji ýylda Uilýam Ýeýts (Irlandiýa), 1924-nji ýylda Wladislaw Reýmont (Polşa), 1925-nji ýylda Bernard Şou (Beýik Britaniýa), 1926-njy ýylda Grasiýa Deledda (Italiýa), 1927-nji ýylda Anri Bergson (Fransiýa), 1928-nji ýylda Singrid Unset (Norwegiýa), 1929-njy ýylda Tomas Mann (Germaniýa), 1930-njy ýylda Sinkler Lýuis (ABŞ), 1931-nji ýylda Erik Karlfeld (Şwesiýa), 1932-nji ýylda Jon Golsuorsi (Beýik Britaniýa), 1933-nji ýylda Iwan Bunin (Russiýa), 1934-nji ýylda Luidji Pirandello (Italiýa), 1936-njy ýylda Ýujin O,Nil (ABŞ), 1937-nji ýylda Rože Marten dýu Gar (Fransiýa), 1938-nji ýylda Perl Bak (ABŞ), 1939-njy ýylda Frans Sillanpýaýa (Finlýandiýa), 1944-nji ýylda Wilhem Ýensen (Daniýa), 1945-nji ýylda Gabriela Mistral (Çili), 1946-njy ýylda German Gesse (Şweýsariýa), 1947-nji ýylda Andre Žid (Fransiýa), 1948-nji ýylda Tomas Eliot (Beýik Britaniýa), 1949-njy ýylda Uilýam Folkner (ABŞ), 1950-nji ýylda Bertran Rassel (Beýik Britaniýa), 1951-nji ýylda Per Lagerkwist (Şwesiýa), 1952-nji ýylda Fransua Moriak (Fransiýa), 1953-nji ýylda Uinston Çerçel (Beýik Britaniýa), 1954-nji ýylda Ernest Hemingueý (ABŞ), 1955-nji ýylda Halldor Laksness (Islandiýa), 1956-njy ýylda Huan Himenes (Ispaniýa), 1957-nji ýylda Alber Kamýu (Fransiýa), 1958-nji ýylda Boris Pasternak (SSSR), 1959-njy ýylda Salwatore Kwazimodo (Italiýa), 1960-njy ýylda Sen-Žon Pers (Fransiýa), 1961-nji ýylda Iwo Andriç (şol wagtky Ýugoslawiýa), 1962-nji ýylda Jon Steýnbek (ABŞ), 1963-nji ýylda Ýorgos Seferis (Gresiýa), 1964-nji ýylda Žan-Pol Sartr (Fransiýa), 1965-nji ýylda Mihail Şolohow (SSSR), 1966-njy ýylda Şmuel Agnon (Ysraýyl) we Nelli Zaks (Şwesiýa), 1967-nji ýylda Migel Asturias (Gwatemala), 1968-nji ýylda Ýasunari Kawabata (Ýaponiýa), 1969-njy ýylda Semýuel Bekket (Irlandiýa), 1970-nji ýylda Aleksandr Solženisin (SSSR), 1971-nji ýylda Pablo Neruda (Çili), 1972-nji ýylda Genrih Býull (Germaniýa), 1973-nji ýylda Patrik Uaýt (Astraliýa), 1974-nji ýylda Eýwind Ýunson (Şwesiýa) we Harri Martinson (Şwesiýa), 1975-nji ýylda Eujenio Montale (Italiýa), 1976-njy ýylda Sol Bellou (ABŞ), 1977-nji ýylda Bisente Aleýsandre (Ispaniýa), 1978-nji ýylda Isaak Başewis-Zinger (Polşa), (Odiseas Elitis (Gresiýa)), 1979-njy ýylda Odiseas Elitis (Gresiýa), 1980-nji ýylda Çeslaw Miloş (Polşa), 1981-nji ýylda Elias Kanetti (Beýik Britaniýa), 1982-nji ýylda Gabriel Garsia Markes (Kolumbiýa), 1983-nji ýylda Uilýam Golding (Beýik Britaniýa), 1984-nji ýylda Ýaroslaw Seýfert (Çehoslowakiýa), 1985-nji ýylda Klod Simon (Fransiýa), 1986-njy ýylda Wole Şoýinka (Nigeriýa), 1987-nji ýylda Iosif Brodskiý (ABŞ), 1988-nji ýylda Nagib Mahfuz (Müsür), 1989-njy ýylda Kamilo Sela (Ispaniýa), 1990-njy ýylda Oktawio Pas (Meksika), 1991-nji ýylda Nadin Gordimer (GAR), 1992-nji ýylda Derek Uolkott (Sent-Lýusiýa), 1993-nji ýylda Toni Morrison (ABŞ), 1994-nji ýylda Kendzaburo Oe (Ýaponiýa), 1995-nji ýylda Şeýmas Hini (Irlandiýa), 1996-njy ýylda Wislawa Şimborskaýa (Polşa), 1997-nji ýylda Dario Fo (Italiýa), 1998-nji ýylda Joze Saramago (Portugaliýa), 1999-njy ýylda Gýunter Grass (Germaniýa), 2000-nji ýylda Gao Sinszýan (Fransiýa), 2001-nji ýylda Wadiadhar Haýpol (Beýik Britaniýa), 2002-nji ýylda Imre Kertes (Wengriýa), 2003-nji ýylda Jon Kutzee (GAR), 2004-nji ýylda Elfrida Ýelinek (Awstriýa), 2005-nji ýylda Garold Pinter (Beýik Britaniýa), 2006-njy ýylda Orhan Pamuk (Türkiýe), 2007-nji ýylda Doris Lessing (Beýik Britaniýa), 2008-nji ýylda Žan-Mari Gýustaw Leklezio (Fransiýa), 2009-njy ýylda Gerta Mýuller (Germaniýa), 2010-njy ýylda Mario Wargas Losa (Peru), 2011-nji ýylda Tumas Transtrýomer (Şwesiýa), 2012-nji ýylda Mo Ýan (Hytaý), 2013-nji ýylda Elis Manro (Kanada), 2014-nji ýylda Patrik Modiano (Fransiýa), 2015-nji ýylda Swetlana Aleksiýewiç (Belarus), 2016-njy ýylda Bob Lilan (ABŞ), 2017-nji ýylda Kadzuo Isiguro (Beýik Britaniýa), 2018-nji ýylda Olga Tpkarçuk (Polşa), 2019-njy ýylda Peter Handke (Awstriýa), 2020-nji ýylda Luiza Glýuk (ABŞ), 2021-nji ýylda Abdulrazak Gurna (Tanzaniýa) mynasyp boldular.

Aşyr­gel­di JU­MA­ÝEW,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň do­sen­ti, ýu­ri­dik ylym­la­ryň kan­di­da­ty.