Ýurt goragçylarynyň üstünlikleri

15 Iýun 2022
1560

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň jemleri jemlenildi. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlaryň ylmy-barlag işleri bilen içgin meşgullanmaklary, döwrebap bilim almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy hem yzygiderli işleri alyp barýar.

Şu ýylky geçirilen ýaş alymlaryň bäsleşigine Türkmenistanyň Serhet institutynyň ýaş alymlary işjeň gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. Olardan Serhet institutynyň pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň mugallymy, uly leýtenant Batyr Gylyjowyň, 5-nji ýyl harby talyby Furkatžan Matkurbanowyň 3-nji orny eýeläp, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýlaryna mynasyp bolandyklary aýratyn bellärliklidir.

Begli GURBANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň okuw-usulyýet bölüminiň uly hünärmeni, leýtenant.