Ýaş alymlaryň gadamlary

13 Iýun 2022
1294

Häzirki täze taryhy döwürde ýaş alymlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň tejribeli halypalaryň ýolbaşçylygynda möhüm ugurlar boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmekleri hem-de bu ugurda guralýan ylmy bäsleşiklere gatnaşmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Ýaş alymlarymyz halkara derejesinde geçirilýän ylmy-amaly we ylmy-önümçilik maslahatlaryna gatnaşyp, tejribe toplaýarlar. Bu bolsa ýurdumyzyň zehinli ýaşlarynyň döredijilikli zähmet çekmegine, öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmegine, bäsleşige ukyply, netijeli ylmy işleri alyp barmagyna mümkinçilik döredýär.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.