"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Türkmen, täjik hem-de özbek dostlugy.

 Gözbaşlydyr asyrlaryň çuňundan,Türkmen, täjik hem-de özbek dostlugy.Güýç alýandyr bir-biregiň heňinden,Türkmen, täjik hem-de özbek dostlugy. Özbekde Nowaýy, täjikde Aýny,Okasaň görersiň Pyragyň taýny,Üç ägirde berer hormat paýyny,Türkmen, täjik hem-de özbek dostlugy.

Taryhyň nurly sahypalary

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 10-11-nji maýynda Täjigistan Respublikasyna amala aşyran ilkinji döwlet sapary türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açdy. Şol gezek syýasy, söwda-ykdysady, ulag, ekologiýa, medeni-ynsanperwer ulgamlary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirýän döwrebap infrastrukturany döretmek meselesine aýratyn ähmiýet berildi. Gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň 24-sine gol çekilmegi hem saparyň taryhy ähmiýetine şaýatlyk edýär. Türkmen-täjik gatnaşyklarynyň köki asyrlaryň jümmüşine siňip gidýär. Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bäri Türkmenistan we Täjigistan dostluk, ynanyşmak, özara goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan syýasaty, gadymdan gelýän ýakynlygy hemmetaraplaýyn ösdürýärler.

Dost ýagşysy gatnaşykly goňşudyr

Türkmen-özbek dostlugynyň gözbaşy asyrlaryň çuňlugyndan başlanyp, nesilleriň bagtyýar geljegine gönükdirilendir. Garaşsyzlyk ýyllarynda iki goňşy ýurduň arasyndaky täzeçe öwüşginlere beslenen gatnaşyklardyr hyzmatdaşlyklar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy. Şeýle-de Merkezi Aziýa sebitinde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary pugtalandyryldy. 2021-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Hökümetleriniň arasynda serhetýaka Türkmen-özbek söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Türkmenistan — Täjigistan: dostluk, ynanyşmak, hoşniýetlilik

Merkezi Aziýa döwletleriniň hatarynda Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolan Täjigistan Respublikasy hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar we doganlyk türkmen halkynyň gazanýan üstünliklerine guwanýar. Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bäri Türkmenistan we Täjigistan dostluk, ynanyşmak, özara goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan doganlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürýärler. Bu hakykat ýakynda geçiriljek sebitiň üç ýurdunyň — Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygynda has-da belentden dabaralanar.

Türkmenistan — Özbegistan: hoşniýetli gatnaşyklara ygrarlylyk

«Goňşy» sözi türkmen halkynyň durmuşynda uly orun tutýar. Muny biz halk döredijiligine, edebiýata ser salanymyzda has hem anyk göz ýetirýäris. Merkezi Aziýa sebitinde okgunly ösýän döwletleriň biri bolan goňşy Özbegistan Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklar hem milli daşary syýasy strategiýamyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Öňde boljak sebitiň üç dostlukly ýurdunyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek Aşgabat duşuşygy hoşniýetli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmekde taryhy waka bolar.

Üçtaraplaýyn duşuşyk: gadyrly gatnaşyklaryň täze gözýetimleri

Dünýä ýurtlary, hususan-da, goňşy döwletler bilen syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz Türkmenistanyň amala aşyrýan daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Işjeň durmuşa geçirilýän parahatçylyk dörediji syýasat halkara gatnaşyklar ulgamynda oňyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, sebit hem-de bütindünýä derejesinde häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini bilelikde tapmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistan — Täjigistan: barha berkeýän strategik hyzmatdaşlyk

Aşgabat halklary dostlaşdyrýar

Aşgabat şäheri — dünýäde iň gözel, ýaşamak üçin ähli oňyn şertleri bolan şäherleriň biri. Ol halkara derejedäki medeni, syýasy, işewürlik merkezine öwrüldi. Onda uly ykdysady we ylmy mümkinçilikler bar. Aşgabatda geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklar, olarda garalýan meseleler diňe milli bähbitlere degişli bolman, eýsem, umumadamzat bähbitlerini hem nazarlaýar. Dünýä öz täsirini ýetirip bilýän abraýly şäherler köp däl. Munuň üçin halkara durmuşyň içinde gaýnap joşmaly. Ol bolsa diýseň joşgunly. Onuň üznüksiz hereketiniň, köptaraply we çylşyrymly meseleleriniň içinde baş çykarmak üçin kesgitli ugruň, anyk matlabyň, agramly sözüň bolmaly.

Hoşniýetli goňşuçylyk hem ylalaşyklylyk

türkmen-täjik-özbek gatnaşyklarynyň binýadydyr Gadymy grek akyldary Sokrat: «Dostluk bolmazdan, adamlaryň arasyndaky hiç bir gatnaşygyň gymmaty ýokdur» diýip nygtapdyr. Munuň sebäbi «dostluk» diýen gysga sözde adamlaryň iň oňat ahlak häsiýetleriniň, umumy gyzyklanmalarynyň, özara hormatyň hem ruhy gymmatlyklaryň iň gowy däpleriniň jemlenýänligindedir, megerem. Sebäbi diňe ruhy taýdan ýakyn, birek-birege ynanýan we düşünişip bilýän ynsanlar hakyky dostluk gatnaşyklaryny gurmagy başarýarlar. Şeýle bolýan bolsa, dostlukly gatnaşyklaryň döwletlerdir halklaryň arasynda ýola goýulmagynyň hem ilerledilmeginiň näderejede ähmiýetlidigini göz öňüne getirip görüň! Adaty durmuşda dostlaryň başy jem bolanda, ýürekdeş gürrüňdeşlikleriň başlanyşy ýaly, döwletleriň Liderleri duşuşanda-da millionlarça ýüregi ýakynlaşdyrýan, dost-doganlyk, ylalaşyklylyk ýörelgeleriniň binýadyny has-da pugtalandyrýan belent maksatlara ýol açylýar. Biz bu hakykata mizemez dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny asyrlarboýy dowam etdirip gelýän Merkezi Aziýanyň üç ýurdunyň — Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň öňde boljak duşuşygynyň mysalynda ýene bir ýola aýdyň göz ýetireris.

Çar tarapdan myhman gelişin görüň!

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda netijeli hyzmatdaşlygy barha ösdürýär. Ýurdumyz häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda başlangyçly orun eýeläp, parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmegine saldamly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, awgust aýynyň başynda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň Aşgabatda geçiriljek sammiti hem möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Sammitiň barşynda sebit hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. Özbegistan respublikasy

Ýaşasyn türkmen ynsanperwerligi!

Wiktor MAÝKO,Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi: — 19-njy iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bina edilen Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Ukrainadan hoşallyk hatlary gelip gowuşdy. Maňa-da Ukrainanyň hassahanalarynyň, etrap-şäher merkezleriniň ýolbaşçylarynyň türkmen tarapyna iberen hoşallyk hatlaryny gowşurmak bagty miýesser etdi. Hatlarda Ukraina döwletine türkmen tarapyndan iberilen derman we lukmançylyk serişdeleri, dokma we azyk önümleri üçin hoşallyk bildirilýär. Bu ynsanperwer kömekler türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary bilen iberildi. Ynsanperwer kömek hökmünde iberilen ýokary hilli önümleriň ählisi ukrain çagalaryna gowşuryldy. Dostlukly döwletden gelip gowşan ynsanperwer kömegine hoşallyk, minnetdarlyk duýgusy çagalaryň kalbynda uzak ýyllaryň dowamynda ýaşar. Hemaýat edilen çagalar Türkmenistanda özleri hakynda alada edýän, begendirmek üçin ýakymly sowgatlary iberen dostlarynyň bardygyny hemişe ýatlap gezerler.

Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary dabaralanýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Bu gün biziň esasy maksadymyz türkmen-özbek doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdan, ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekden we giňeltmekden ybaratdyr.

Türkmenistan — Täjigistan: hyzmatdaşlygyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň PrezidentiSerdar Berdimuhamedow: — Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça ösdüriler. Munuň özi iki ýurduň we olaryň halklarynyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär.

Heňňamlara uzaýan hoşniýetli hyzmatdaşlyk

Türkmenlerde: «Dostuň geldi — baýram boldy» diýen nakylyň ähmiýeti hakynda söz açsaň, dostluk babatdaky düşünjelerimiziň gerimi giňär oturar. Mahlasy, ýurdumyzyň Merkezi Aziýa, şeýle-de sebitara gatnaşyklarynyň oňyn netijeleri barada kelam agyz söhbet ederis. Garasaý, biz goňşy Özbegistan Respublikasy, şeýle-de Täjigistan Respublikasy bilen ýurdumyzyň arasyndaky syýasy-ykdysady, söwda, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ähmiýetiniň diňe bir üç ýurduň däl, eýsem, dünýä ýüzündäki özgertmeleriň esasy özenini düzýändigini nygtamak gerek. Bu ýurtlaryň dostanalygynyň möhleti taryhyň jümmüşinden syzylyp gaýdýar. Şeýde-şeýde ol gatnaşyklar bu günki gün oňyn netijeleri bilen gören-eşideni haýran galdyrýar. Goňşa gol berip

Hoşniýetli goňşuçylygyň binýady berkidilýär

Merkezi Aziýada möhüm ykdysady-syýasy mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistan, Özbegistan hem-de Täjigistan döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk sebitde ählumumy ösüşi, abadançylygy we parahatçylygy berkarar etmekde uly ähmiýete eýedir. Bu ýurtlarda ýaşaýan halklaryň köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylygy, goňşy döwletleriň ygtybarly hyzmatdaşlygy dostluk çynarynyň üç sany berdaşly pudagyna çalym edýär. Taryhy kökleri müňýyllyklara uzaýan şol dostluk daragtynyň saýasynda hoşniýetli hyzmatdaşlyk, dostluk-doganlyk babatynda täze taryh ýazylýar.

Döwletara gatnaşyklaryň ösüşi

Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmen-özbek serhedinde söwda merkezini gurmak hakyndaky degişli Karara gol çekdi. Munuň özi ýurdumyzyň sebit, halkara derejesinde syýasy, ykdysady, medeni hyzmatdaşlyklary ösdürmäge çalyşýandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy. Türkmen-özbek dost-doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň taryhy ösüşinde, medeniýetlerinde, däp-dessurlarynda hem umumy meňzeşlikler köpdür. Iki döwletiň söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa geçelgeleriniň möhüm çatrygynda ýerleşmegi «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» ugurlary boýunça geljegi has uly taslamalary ösdürmek boýunça utgaşykly gatnaşyk etmegine mümkinçilik berýär. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 21-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza resmi saparynyň çäginde teleköpri arkaly Türkmen-özbek serhetýaka zolagynyň — Söwda merkeziniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Söwda merkezi 2025-nji ýylyň iýulynda ulanylmaga berler. Şeýlelikde, bu söwda merkezi iki doganlyk ýurduň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, haryt dolanyşygynyň artdyrylmagyna hem-de işewürlik gatnaşyklarynyň giňeldilmegine getirer.

Dostluk daragty gül açýar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde dünýä döwletleri, şol sanda goňşy ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklary giň gerimde ösdürilýär. Muňa goňşy Özbegistan Respublikasy bilen soňky döwürlerde gazanylan ylalaşyklaryň netijesinde hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Türkmen-özbek dost-doganlyk gatnaşyklarynyň belent derejelere çykmagynda bolsa Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ägirt uly goşantlarynyň bardygyny bellemek aýratyn ýakymlydyr. Häzirki wagtda bu gatnaşyklar Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda has-da pugtalandyrylýar. Geçen ýylyň iýul aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana bolan döwlet saparynyň, oktýabr aýynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýurdumyza bolan resmi saparynyň netijesinde iki goňşy ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy.

Barha rowaçlanýan gatnaşyklar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasatynda sebitdäki hem-de Ýer ýüzündäki döwletler bilen dostlukly gatnaşyklara we ygtybarly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejelere göterilmegini şertlendirýär.  Türkmen-täjik gatnaşyklarynyň mäkäm binýadynyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň pähim- -paýhasyndan gözbaş alýandygyny aýratyn belläp geçmek gerek. Täjigistan Respublikasynyň ýokary sylagy bolan I derejeli «Ismoil Somoni» ordeni bilen sylaglanmagy, «Abuali ibn Sino adyndaky Täjik döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Hormatly professory» diýen ada mynasyp bolmagy Gahryman Arkadagymyzyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekdäki hyzmatyna doganlyk halk tarapyndan berlen ýokary bahadyr.

Özbegistan, Türkmenistan we Eýran halkara ulag geçelgesini döretmegi meýilleşdirýär

Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň Hökümetleriniň arasynda halkara ulag geçelgesini guramak baradaky şertnama gol çekilmegini çaltlaşdyrmak meseleleri öwrenilýär. Özbegistanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy ýurduň Ulag ministrliginiň we Eýranyň Ýol we şäher ösüş ministrliginiň wekilleriniň halkara ulag geçelgesini guramak meselesini ara alyp maslahatlaşandyklaryny habar berdi. Bu barada TASS ýazýar.

Türkmenistan — BMG: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ählumumy ösüşiň strategiýasy

Häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge bilelikde we işjeň gatnaşmak, Ýer ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmak, sebit hem-de ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, oňyn halkara dialoga hemmetaraplaýyn ýardam bermek Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň, şeýle-de diplomatiýasynyň strategik ugry bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga we dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan Bitaraplyk syýasatyny dowam eder. Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeler, ýagny ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy, hoşmeýilli erk-islege esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegi, dünýäde durnukly ösüşiň üpjün edilmegi mundan beýläk-de Garaşsyz türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolar. Türkmenistan abraýly halkara, sebit we döwletara hyzmatdaşlyk mehanizmlerine işjeň gatnaşmak bilen, parahatçylyk hem-de ynanyşmak medeniýetiniň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar, deňeçer we jebisleşdiriji halkara gün tertibiniň yzygiderli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen maksada okgunly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň strategik u

Halkara hyzmatdaşlygy pugtalanýar

Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan «Açyk gapylar» syýasatyny işjeň durmuşa geçirmegiň netijesinde ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary yzygiderli ösýär we pugtalanýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky başlangyçlary, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we umumadamzat ösüşine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda alyp barýan işleri dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar. Halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan ýörelgeleriň baş maksady ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakdan, dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmekden, durnukly ösüşi üpjün etmekden ybarat bolup durýar.