Aşgabat halklary dostlaşdyrýar

3 Awgust 2023
863

Aşgabat şäheri — dünýäde iň gözel, ýaşamak üçin ähli oňyn şertleri bolan şäherleriň biri. Ol halkara derejedäki medeni, syýasy, işewürlik merkezine öwrüldi. Onda uly ykdysady we ylmy mümkinçilikler bar. Aşgabatda geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklar, olarda garalýan meseleler diňe milli bähbitlere degişli bolman, eýsem, umumadamzat bähbitlerini hem nazarlaýar.

Dünýä öz täsirini ýetirip bilýän abraýly şäherler köp däl. Munuň üçin halkara durmuşyň içinde gaýnap joşmaly. Ol bolsa diýseň joşgunly. Onuň üznüksiz hereketiniň, köptaraply we çylşyrymly meseleleriniň içinde baş çykarmak üçin kesgitli ugruň, anyk matlabyň, agramly sözüň bolmaly.

Oraz ABDYÝEW.
«Türkmenistan».