Barha rowaçlanýan gatnaşyklar

2 Awgust 2023
690

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasatynda sebitdäki hem-de Ýer ýüzündäki döwletler bilen dostlukly gatnaşyklara we ygtybarly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejelere göterilmegini şertlendirýär. 

Türkmen-täjik gatnaşyklarynyň mäkäm binýadynyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň pähim- -paýhasyndan gözbaş alýandygyny aýratyn belläp geçmek gerek. Täjigistan Respublikasynyň ýokary sylagy bolan I derejeli «Ismoil Somoni» ordeni bilen sylaglanmagy, «Abuali ibn Sino adyndaky Täjik döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Hormatly professory» diýen ada mynasyp bolmagy Gahryman Arkadagymyzyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekdäki hyzmatyna doganlyk halk tarapyndan berlen ýokary bahadyr.

Döwletmämmet GARAKLYÝEW,
«Balkan».